HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe kaşaň toýlary geçirmek üçin «halanýan ýer» diýlip saýlandy

Aprel 28, 2023 | 15:30 |5375
Ýatdan çykmajak toýlaryň geçirilmegi bilen meşhur bolan Türkiýe RSVP gymmatly  toýlary gurnaýjylaryň birleşmesiniň sylaglama gala-dabarasynda dünýäde «iň halanýan ugur» diýlip ykrar edildi.Ýatdan çykmajak toýlaryň geçirilmegi bilen meşhur bolan Türkiýe RSVP gymmatly  toýlary gurnaýjylaryň birleşmesiniň sylaglama gala-dabarasynda dünýäde «iň halanýan ugur» diýlip ykrar edildi.
Çeşme: Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Ýatdan çykmajak toýlaryň geçirilmegi bilen meşhur bolan Türkiýe RSVP gymmatly toýlary gurnaýjylaryň birleşmesiniň sylaglama gala-dabarasynda dünýäde «iň halanýan ugur» diýlip ykrar edildi.

Şeýle hem Türkiýe kabul ediji tarapyň derejesini aldy we RSVP-niň indiki baharky maslahaty 2024-nji ýylyň 2-5-nji aprelinde Stambulda geçiriler.

Türkiýe Gündogaryň gadymdan gelýän däplerini we Günbataryň häzirki zaman alamatlaryny utgaşdyrýan özüniň medeni mirasy, şeýle hem ajaýyp aşhanasynyň dürlüligi we soňsuz şoping etmek mümkinçiliginiň barlygy sebäpli syýahatçylary özüne çekýär. Bu ýurda dünýäniň dürli künjeginden nikalaşmasyny baýram etmek isleýän jübütler gelýärler.

Gymmatbahaly toýlar we beýleki dabaralar üçin halanýan ugurlaryň arasynda Stambuly, Bodrumy, Antalýany, Kappadokiýany, Gejeki, Çeşmäni we Fethiýeni görkezmek bolýar. Olar her bir elementi - ýerleşdirmekden başlap aşhana ugruna çenli zatlary göz öňünde tutup, dynç almagyň giň görnüşlerini açýarlar. Bu ýerde işine ökde hünärmenler işleýärler, olar ýaş çatynjalary we myhmanlary begendirip, geçirilýän ýerleriň köpdürliligi we saçagy bezemegiň görnüşleri bilen toýlary iň soňky ownuk jikme-jiklerine çenli meýilleşdirýärler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026