Almatynyň häkimi Agzybirlik gününe bagyşlanyp guralan etnomedeniýet sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi


Almatynyň häkimi Gazagystanyň halklarynyň Agzybirlik gününe bagyşlanan sergi-ýarmarkasyna baryp görmegiň barşynda türkmen halkynyň halk döredijilik eserlerine ýokary baha berdi, bu sergide Türkmenistanyň GR-daky ilçihanasynyň «Türkmen jemgyýetçilik-medeni merkeziniň» pawilýony görkezildi.
Milli äheňde bezelen pawilýon ol ýere baryp görenlere türkmen halylaryny, egin-eşiklerini, ýakalary, saz gurallaryny we gözel ýerleriň suratlaryny hödürledi – diýip, goňşy ýurtdaky türkmen diplomatik wekilhahansy habar berýär.
Çärä Gazagystanda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Olar myhmanlara türkmen medeniýetiniň milli aýratynlyklary barada gürrüň berdiler we olary milli erkek we zenan egin-eşiginiň dürli öwüşgini bilen tanyşdyrdylar.
ORIENT habarlar








