HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşary ýurt ulag kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ymtylýarlar

Maý 03, 2023 | 12:21 |14397
Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) sergisi dowam edýär, oňa 80-den gowrak edaralaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) sergisi dowam edýär, oňa 80-den gowrak edaralaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) sergisi dowam edýär, oňa 80-den gowrak edaralaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Görkezilişiň gatnaşyjylarynyň abraýly düzümi halkara jemgyýetçiliginiň we iri kompaniýalaryň Türkmenistan bilen ulag babatynda hyzmatdaşlyk etmäge barha artýan gyzyklanmasyny görkezýär.

Зарубежные транспортные компании стремятся к укреплению сотрудничества с Туркменистаном

Sergide Türkmenistanyň bu ugurdan ulag edaralary – «Türkmendeňizýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», şeýle hem onlarça türkmen ulag firmalary görkezilendir.

Fly Dubai we Turkish Airlines ýaly belli daşary ýurt howa gatnadyjylary, demir ýol kärhanalary – «Российские железные дороги», «Казахстанские железные дороги» holdingleri, şeýle hem tehnikany we onuň düzüm bölekleriniň meşhur öndürijiler – Boeing, CRRC Ziyang Co., Ltd., Toyota, Michelin, Hankook we beýlekiler foruma gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdiler.

Зарубежные транспортные компании стремятся к укреплению сотрудничества с Туркменистаном

Sergide görkezilen kompaniýalardan başga-da, görkezilişe ITTC-2023 maslahatynyň ýüzlerçe wekilleri baryp görýärler, ol maslahat günüň ikinji ýarymynda TSSP-da öz işine başlar. Foruma gatnaşyjylaryň biri - «Behine Tarabar Ažur» atly eýran ulag-logistika kompaniýasynyň geňeşiniň başlygy Mustapa Akdam sergide galan täsirlerini ORIENT-iň habarçysy bilen paýlaşdy:

— Sergi ajaýyp gurnalypdyr. Biziň maslahatdan uly umydymyz bar, ol täze gatnaşyklary ýola goýmak we netijeli gepleşikler üçin juda oňaýly ýer bolar. Ilkinji nobatda biziň kompaniýamyz biziň ulag we üstaşyr mümkinçilklerimizi, şol sanda «Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň çäklerinde ýerine ýetirmäge gyzyklanýar. Demir ýol arkaly ýük daşamalaryny ösdürmekde uly geljek bar. Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna umyt edýäris – diýip, Akdam aýtdy.

Зарубежные транспортные компании стремятся к укреплению сотрудничества с Туркменистаном

ORIENT HABARLAR

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026