HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BelTA: Belarusda gaz pudagynda howpsuzlygy üpjün etmek üçin EI ulanýarlar

Aprel 29, 2023 | 14:04 |8429
Belarusda gaz pudagynda zähmet howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin emeli intellekti ulanyp başladylar – diýip, ýurduň Energetika ministrligine salgylanyp, BelTA habar berýär.Belarusda gaz pudagynda zähmet howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin emeli intellekti ulanyp başladylar – diýip, ýurduň Energetika ministrligine salgylanyp, BelTA habar berýär.
Çeşme: belta.by

Belarusda gaz pudagynda zähmet howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin emeli intellekti ulanyp başladylar – diýip, ýurduň Energetika ministrligine salgylanyp, BelTA habar berýär.

Neýron tory işgäriň şekilini stasionar kameranyň (mobil goşundynyň) kömegi bilen seljerýär, ýörite iş egin-eşiginiň barlygyny we aýakgaplaryň, gorag baş gabynyň dogry geýlendigini kesgitleýär. Eger-de ýörite egin-eşik ýok bolan halatynda ýa-da olaryň biri nädogry geýlen bolsa, ulgam duýduryş berýär.

Emeli intellektiň şahsy gorag serişdelerine gözegçilik ulgamyny girizmek boýunça taslama «Witebskoblgaz» UP tarapyndan Vision Zero atly nol derejedäki şikeslik konsepsiýasynyň çäklerinde ýerine ýetirildi.

Ulgam önümçilikde zähmeti goramak we howpsuzlyk düzgünlerini ýerine ýetirmeklige netijeli gözegçiligi üpjün eder, önümçilikde şikes almaklygyň derejesini kemeltmäge, şeýle hem onuň öňüni almak üçin edilýän çykdajylary kemeltmäge kömek eder.

«Zähmetiň howpsuz şertleri - pudagyň her bir guramasy üçin möhüm ileri tutulýan zatdyr. Olary üpjün etmek üçin çemeleşmeler hemişe kämilleşdirilýär, şol sanda täze tehnologiýalary ulanmak arkaly kämilleşdirilýär. Intellektual wideo analitika ulgamy iş prosesslerini sanlylaşdyrmagyň öňdebaryjy ugurlarynyň biridir» - diýip, edarada bellediler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026