HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kuraş boýunça Aziýanyň Çempionaty Hançžou 2022 Oýunlarynyň halkara synag çäresi boldy

Aprel 29, 2023 | 14:18 |14219
Hançžou kuraş boýunça Aziýanyň çempionatyny 2022-nji ýylyň Tomusky Aziýa oýunlarynyň halkara synag çäresi hökmünde kabul etdi.Hançžou kuraş boýunça Aziýanyň çempionatyny 2022-nji ýylyň Tomusky Aziýa oýunlarynyň halkara synag çäresi hökmünde kabul etdi.
Çeşme: twitter.com

Hançžou kuraş boýunça Aziýanyň çempionatyny 2022-nji ýylyň Tomusky Aziýa oýunlarynyň halkara synag çäresi hökmünde kabul etdi.

Ýaryşlar Sýaoşan Linpu gimnaziýasynda Göreşiň Halkara birleşmesi tarapyndan geçirildi. Şol bir wagtda kuraş boýunça (WSP) «2023-nji ýylyň gyzykly Hançžousy» atly Dünýä tapgyryndaky saýlama ýaryşy gurnaldy.

Ozal Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baş direktory Huseýn Al-Mussalam we Kuraş boýunça halkara birleşmesiniň baş sekretary 10 müň türgeniň ýerleşjek Aziýa Oýunlarynyň şäherçesini barladylar, şol sanda kuraş, kabbadi, thekwondo we karate bilen meşgullanmak üçin türgenleşik zolagyna baryp gördi.

Aziýanyň birinjiliginiň öňünden Kuweýtde Kuraş boýunça halkara birleşmesiniň prezidenti Haýder Farman, wise-prezidenti Ziýewiddin Hojiniýazow Hançžouda «Kuraş hepdesini», şol sanda kuraş boýunça eminleriň we tälimçileriň halkara seminaryny geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söweş sungatynyň kuraş görnüşi Tomusky Aziýa oýunlaryna 2018-nji ýylda Indoneziýada geçirilen oýunlarda ilkinji gezek goşulandygyny belläp geçmelidiris.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026