HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe türkmen talyplary üçin kwotalary artdyrmagy meýilleşdirýär

Maý 01, 2023 | 09:50 |8895
Türkiýe Türkmenistandan talyplara berilýän kwotalary artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna beren interwýusynda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Daşary ýurtdaky watandaşlaryň we arkadaş jemgyýetleriň işleri boýunça baş müdirliginiň Başlygy Abdullah Eren Stambulda tamamlanan TEKNOFEST festiwalynyň çäklerinde gürrüň berdi.Türkiýe Türkmenistandan talyplara berilýän kwotalary artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna beren interwýusynda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Daşary ýurtdaky watandaşlaryň we arkadaş jemgyýetleriň işleri boýunça baş müdirliginiň Başlygy Abdullah Eren Stambulda tamamlanan TEKNOFEST festiwalynyň çäklerinde gürrüň berdi.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Türkiýe Türkmenistandan talyplara berilýän kwotalary artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna beren interwýusynda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Daşary ýurtdaky watandaşlaryň we arkadaş jemgyýetleriň işleri boýunça baş müdirliginiň Başlygy Abdullah Eren Stambulda tamamlanan TEKNOFEST festiwalynyň çäklerinde gürrüň berdi.

«Biz türkmen talyplary üçin kwotalaryň sanyny her ýylda 100-150-ä çenli artdyrmagy meýilleşdirýäris» - diýip, ol beýan etdi we eýýäm iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda gepleşikleriň geçirilendigini belledi.

Şu ýyl 50-ä golaý türkmenistanly Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde tölegsiz okamak üçin stipendiýa alarlar. Geljekde bu san diňe artar.

Abdullah Eren kwotalar barada habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça işi iňjeňleşdirmegiň gerekdigini nygtady we bu meselede türkmen kärdeşlerini goldaw bermäge çagyrdy.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda medeniýet, syýahatçylyk we beýleki ugurlar babatynda gatnaşyklara degip geçmek bilen, bilermen doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýyl-ýyldan pugtalandyrylýandygyny belledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026