HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda nagt däl amallaryň möçberiniň ep-esli artandygy bellenildi

Maý 01, 2023 | 09:47 |11661
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda nägt däl amallaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 41,05% artyp, 3,83 mlrd türkmen manadyna deň boldy. Muňa Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan çap edilen maglumatlar şaýatlyk edýär.Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda nägt däl amallaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 41,05% artyp, 3,83 mlrd türkmen manadyna deň boldy. Muňa Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan çap edilen maglumatlar şaýatlyk edýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda nägt däl amallaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 41,05% artyp, 3,83 mlrd türkmen manadyna deň boldy. Muňa Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan çap edilen maglumatlar şaýatlyk edýär.

Statistikada bankomatlaryň, bank kartlary bilen töleg terminallarynyň, internet-banking ulgamynyň, mobil bankingiň, «Elektron täjirçilik» we «Halkbank terminal» ulgamlarynyň üsti bilen amala aşyrylan ähli nagt däl amallar hasaba alnandyr.

Nagt däl hasaplaşyklaryň iň köp bölegi bank kartlary bilen töleg terminallarynyň üsti bilen – jemi 3,56 mlrd manat möçberinde geçirilipdir. Amallaryň iň köpüsi «Daýhanbank» TDTB-nyň terminallarynyň üsti bilen geçirilipdir.

Nägt däl geçirimler baradaky maglumat Türkmenstanyň Merkezi bankynyň bank işlerini awtomatlaşdyrma departamenti tarapyndan taýýarlanyldy we sanly tölegleriň artýan meşhurlygyny şöhlelendirýär, ol bolsa müşderiler üçin howpsuzlk derejesini ýokarlandyrýar we amallary geçirmekligi amatly edýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýurduň MB bilen bilelikde nagt däl geçirimleriň ösdürilmegini we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny işjeň goldaýarlar. Mundan başga-da, banklaryň müşderileriniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, şahsy maglumatlary goramagyň döwrebap ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işler geçirilýär.

Nagt däl amallaryň ulanylmagy şeýle hem ykdysadyýetiň ösmegine we onuň aýdyňlygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Nägt däl tölegler pul serişdeleriniň dolanyşygyny tizleşdirýär we ykdysadyýetde serişdeleriň hereket edişini anyk yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Umuman, nagt däl amallaryň ulanylmagy häzirki zaman ykdysadyýetiniň ösmeginiň esasy faktorlarynyň biridir we geljekde olaryň ähmiýeti diňe artar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026