HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hançžoudaky tomusky Aziýa oýunlaryny gurnaýjylar ýaryşlara taýýarlyk görlüşi barada gürrüň berdiler

Aprel 27, 2023 | 11:41 |5814
Hançžoudaky XIX tomusky Aziýa oýunlaryny gurnaýjylar milli olimpiýa komitetleri üçin dürli meseleler boýunça maglumat bermek maksady bilen, Chefs de Mission atly iki günlük seminar geçirdiler.Hançžoudaky XIX tomusky Aziýa oýunlaryny gurnaýjylar milli olimpiýa komitetleri üçin dürli meseleler boýunça maglumat bermek maksady bilen, Chefs de Mission atly iki günlük seminar geçirdiler.
Çeşme: insidethegames.biz

Hançžoudaky XIX tomusky Aziýa oýunlaryny gurnaýjylar milli olimpiýa komitetleri üçin dürli meseleler boýunça maglumat bermek maksady bilen, Chefs de Mission atly iki günlük seminar geçirdiler.

Hususan-da, 45 ýurduň wekilleri ýaryşlara gatnaşmak, akkreditirleme, Oýunlaryň dowamynda türgenleriň doping-gözegçiligi, wekiliýetleri ýerleşdirmek we KHBS-i bilen işleşmek barada bildiler.

Seminaryň çäklerinde wekiliýetler şeýle hem Oýunlaryň dürli desgalary – baş stadion, tennis merkezi, Hançžounyň Olimpiýa sport merkeziniň klasterindäki sportyň suw görnüşleri üçin arena we türgenleriň Şäherjigi bilen tanyşdylar, Aziýa Oýunlarynyň täze muzeýine baryp gördüler.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wekili Sun Luszen Hançžou-2022 oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň tagallalaryna ýokary baha berdi.

«Ähli gyzyklanýan taraplaryň, HAGOC, OCA, milli olimpiýa komitetleriniň, Aziýa federasiýalarynyň we halkara federasiýalarynyň bilelikdäki tagallalary sebäpli Hançžou-2022 oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň tagallarynyň uly üstünliklere ýetendigini görmäge biz şat» - diýip, ol guramaçylyk komiteti bilen milli olimpiýa komitetleriniň arasyndaky öz wagtyndaky aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk oýunlaryň üstünligi üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir diýip belledi.

Tomusky Aziýa oýunlary 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçer.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026