HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Gaagada ÝB-niň agentlikleriniň işi bilen tanyşdy

Aprel 26, 2023 | 16:09 |5427
Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri sebitiň ýurtlaryndan beýleki wekiliýetler bilen bir hatarda ÝB-niň Gaagadaky, Niderlandlara degişli agentliklerine we edaralaryna tanyşdyrylyş saparyna gatnaşdylar. Bu barada Ýewropa Birleşiginiň wekilhanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri sebitiň ýurtlaryndan beýleki wekiliýetler bilen bir hatarda ÝB-niň Gaagadaky, Niderlandlara degişli agentliklerine we edaralaryna tanyşdyrylyş saparyna gatnaşdylar. Bu barada Ýewropa Birleşiginiň wekilhanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.
Çeşme: project-leica.eu

Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri sebitiň ýurtlaryndan beýleki wekiliýetler bilen bir hatarda ÝB-niň Gaagadaky, Niderlandlara degişli agentliklerine we edaralaryna tanyşdyrylyş saparyna gatnaşdylar. Bu barada Ýewropa Birleşiginiň wekilhanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.

Wekiliýet Ýewropolyň – Ýewropa birleşiginiň polisiýa gullugynyň Terrorçylyga garşy göreşmek merkezine baryp gördi, ol ýerde merkeziň dessin mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Ýewropolyň wezipeli adamlary gatnaşyjylary şeýle hem terrorçylyk babatynda ýagdaýlar we meýiller hakynda kadaly hasabatyň (TE-SAT) taýýarlanyş usulyýeti bilen tanyşdyrdylar.

Okuw saparyna gatnaşyjylar Ýewropa birleşiginiň kazyýet edaralary bilen iş salyşýan agentliginiň (Ýewroýust) işjeňligi barada habardar edildiler, ol agentlik jenaýat işleri boýunça ikitaraplaýyn hukuk kömegine goldaw berýär.

Gaaga amala aşyrylan sapar Halkara terrorçylyga garşy göreşmek merkezine (ICCT) baryp börmek bilen tamamlandy. Wekiliýet şeýle hem Niderlandlaryň Daşary işler ministrliginiň we Adalat ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Okuw sapary Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän LEICA taslamasynyň çäklerinde guraldy. Onuň işjeňligi hem milli derejede, şeýle hem sebit derejesinde howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin Merkezi Aziýanyň hukuk goraýjy edaralarynyň mümkinçiligini ösdürmäge gönükdirilendir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
OpenAI we Google uly dil modelleriniň bahalaryny arzanladýarlar

OpenAI we Google uly dil modelleriniň bahalaryny arzanladýarlar

14:00 Awgust 24, 2026