HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyndaky orny ýokarlanar – BAE-niň döwlet ministri

Aprel 26, 2023 | 16:26 |7422
Energetika bazaryndaky häzirki ynamsyzlyk, şeýle hem çalt depginlere eýe bolýan energetika özgerlişigi uglewodorod serişdeleriniň durnukly we ynamly üpjün edijisi hökmünde we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we durnukly çeşmeleriniň ösdürilmegini goldaýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyny saklamakda möhüm ornuny has hem pugtalandyrýar. Bu barada BAE-niň döwlet ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň ( ADNOC) direktorlar geňeşiniň agzasy, Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baştutany Ahmed Ali Al Saýed beýan etdi. Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň şunuň ýaly ähmiýetliligi diňe artar.Energetika bazaryndaky häzirki ynamsyzlyk, şeýle hem çalt depginlere eýe bolýan energetika özgerlişigi uglewodorod serişdeleriniň durnukly we ynamly üpjün edijisi hökmünde we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we durnukly çeşmeleriniň ösdürilmegini goldaýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyny saklamakda möhüm ornuny has hem pugtalandyrýar. Bu barada BAE-niň döwlet ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň ( ADNOC) direktorlar geňeşiniň agzasy, Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baştutany Ahmed Ali Al Saýed beýan etdi. Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň şunuň ýaly ähmiýetliligi diňe artar.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Energetika bazaryndaky häzirki ynamsyzlyk, şeýle hem çalt depginlere eýe bolýan energetika özgerlişigi uglewodorod serişdeleriniň durnukly we ynamly üpjün edijisi hökmünde we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we durnukly çeşmeleriniň ösdürilmegini goldaýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyny saklamakda möhüm ornuny has hem pugtalandyrýar. Bu barada BAE-niň döwlet ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň ( ADNOC) direktorlar geňeşiniň agzasy, Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baştutany Ahmed Ali Al Saýed beýan etdi. Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň şunuň ýaly ähmiýetliligi diňe artar.

Türkmenistanyň Dubaýdaky nebit-gaz maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen, ol Türkmenistanyň energetika pudagynda iki onýyllykdan bäri hereket edýän BAE-niň maýa goýumlarynyň üsti bilen türkmen ykdysadyýetinde öz kompaniýalarynyň bar bolmagyny giňeldýär diýip belledi.

Ahmed Ali Al Saýed depginli ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energiýanyň bütindünýä üpjün edijisi hökmünde Türkmenistanyň ýagdaýyny diňe güýçlendirjekdigine ynam bildirdi.

2.JPEG.jpg

Energetika sektoryndan başga-da, BAE Türkmenistan bilen beýleki strategiki ugurlarda, portlaryň ösdürilmegi, ulag we logistika, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wezipeleri çözmek babatynda ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

BAE-niň döwlet ministri 2023-nji ýylyň fewralynda we 2022-nji ýylyň noýabrynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişlilikdäki BAE-ne saparlarynyň konstruktiw we dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläkde giňelmegine ýardam etdi diýip, nygtady.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026