HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

IMEO-nyň baştutany Türkmenistanyň metanyň zyňylmalaryny azaltmak babatyndaky mümkinçiligi barada gürrüň berdi

Aprel 26, 2023 | 11:19 |6164
Metanyň zyňylmalary boýunça Halkara obserwatoriýasynyň (IMEO) baştutany Manfredi Kaltadžiron Dubaýda, BAE-de halkara maýa goýum forumynda çykyş etmek bilen, türkmen nebit-gaz pudagynyň metanyň zyňylmalaryny kemeltmekde ýokary mümлinçiliginiň bardygyny belledi.Metanyň zyňylmalary boýunça Halkara obserwatoriýasynyň (IMEO) baştutany Manfredi Kaltadžiron Dubaýda, BAE-de halkara maýa goýum forumynda çykyş etmek bilen, türkmen nebit-gaz pudagynyň metanyň zyňylmalaryny kemeltmekde ýokary mümлinçiliginiň bardygyny belledi.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Metanyň zyňylmalary boýunça Halkara obserwatoriýasynyň (IMEO) baştutany Manfredi Kaltadžiron Dubaýda, BAE-de halkara maýa goýum forumynda çykyş etmek bilen, türkmen nebit-gaz pudagynyň metanyň zyňylmalaryny kemeltmekde ýokary mümлinçiliginiň bardygyny belledi.

Bilermeniň sözlerine görä, metanyň umumydünýä zyňylmalarynyň 6% bütin dünýäde nebitiň we gazyň paýyna düşýär. Netijeleri ýumşatmak mümkinçiligi barada aýdylanda bolsa gazylyp alynýan ýangyçdan metanyň zyňylmagynyň 70% golaýyny bar bolan tehnologiýalaryň kömegi bilen we haýsydyr bir çykdajy etmezden azaldyp bolýar.

Metanyň zyňylmagy boýunça Halkara obserwatoriýasy Türkmenistana BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Bütindünýä maslahatynyň COP-28 öňüsyrasynda metanyň zyňylmalaryny kemeltmek babatynda öz mümkinçiligini ýerine ýetirmäge kömek edip biljek degişli gurallara eýedir – diýip, Kaltadžiron belledi.

Metanyň zyňylmagy boýunça Halkara obserwatoriýasy – bu ÝUNEP tarapyndan goldanylýan başlangyçdyr, ol dürli pudaklarda we sebitlerde metanyň zyňylmagy baradaky maglumatlary ýygnaýar we seljerýär. IMEO metanyň zyňylmagyny kemeltmek we munuň üçin nähili hereketleri etmelidigi barada her ýyl hasabatlary neşir edýär.

Şeýle hem obserwatoriýa metan meselesi barada habardarlylygy ýokarlandyrmak we onuň ýumşadylmagyna ýardam etmek üçin hökümet, hususy pudak we ylmy jemgyýet ýaly dürli hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary saklaýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026