HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA-nyň ykdysady meseleler boýunça Komissiýasynyň mejlisine wekilçilik etdi

Aprel 22, 2023 | 12:07 |6834
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşindäki ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň Moskwada geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşindäki ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň Moskwada geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: e-cis.info

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşindäki ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň Moskwada geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar GDA-nyň giňişligindäki ykdysady hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlelikde, geçen ýylyň dowamynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň ösüşiniň esasy makroykdysady görkezijileri bilen tanyşdylar.

Bahalandyrmanyň netijeleri makroykdysady durnuklylygy saklamaga, ykdysady ösüşiň oňyn depginlerini gazanmaga, şeýle hem daşary söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleri taýýarlamakda we ýerine ýetirmekde ulanylar.

Komissiýanyň agzalary şeýle hem GDA agza döwletleriniň standartlaşdyrmak, metrologiýa, hili dolandyrmak we sertifikatlaşdyrmak babatynda hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak boýunça düýp guramanyň Düzgünnamasynyň taslamasyny makulladylar. Bu derejäni «Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak Akademiýasy» atly goşmaça hünär biliminiň Federal döwlet bilim edarasy aldy.

Komissiýanyň indiki mejlisini 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda geçirmek meýilleşdirildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026