HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Üçünji gün - ýene-de üstünden bardy! «Türkmen kompozitorlary hepdeliginiň» ýazgysy

Aprel 20, 2023 | 23:07 |11756
«Türkmen kompozitorlary hepdeliginiň» üçünji güni, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Ykjam topar özleriniň «sahna hyzmatdaşlary» – dürli görnüşli gurjaklar bilen geldi. Olaryň TMK-yň kiçi zalyna tarap «geçişi» derrew konserwatoriýanyň koridorlaryndaky talyplaryň we mugallymlaryň ünsüni özüne çekdi we şonuň üçin zaldaky oturgyçlaryň hemmesi teatryň artistlarunuň çykyşyna tomaşa etmek isleýän adamlar bilen dolduryldy. Olar bilen duşuşmak gyzykly boljakdygy görnüp durdy. Hemmeleriň teatr sahnasynyň arkasyna, «aşhanasy» we perdäniň aňyrsynda saklanýan syr barada öwrenmek isleýärdiler. Bu gün bolsa, bularyň hemmesi tomaşaçylara görkezildi.«Türkmen kompozitorlary hepdeliginiň» üçünji güni, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Ykjam topar özleriniň «sahna hyzmatdaşlary» – dürli görnüşli gurjaklar bilen geldi. Olaryň TMK-yň kiçi zalyna tarap «geçişi» derrew konserwatoriýanyň koridorlaryndaky talyplaryň we mugallymlaryň ünsüni özüne çekdi we şonuň üçin zaldaky oturgyçlaryň hemmesi teatryň artistlarunuň çykyşyna tomaşa etmek isleýän adamlar bilen dolduryldy. Olar bilen duşuşmak gyzykly boljakdygy görnüp durdy. Hemmeleriň teatr sahnasynyň arkasyna, «aşhanasy» we perdäniň aňyrsynda saklanýan syr barada öwrenmek isleýärdiler. Bu gün bolsa, bularyň hemmesi tomaşaçylara görkezildi.
Çeşme: orient.tm

«Türkmen kompozitorlary hepdeliginiň» üçünji güni, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Ykjam topar özleriniň «sahna hyzmatdaşlary» – dürli görnüşli gurjaklar bilen geldi. Olaryň TMK-yň kiçi zalyna tarap «geçişi» derrew konserwatoriýanyň koridorlaryndaky talyplaryň we mugallymlaryň ünsüni özüne çekdi we şonuň üçin zaldaky oturgyçlaryň hemmesi teatryň artistlarunuň çykyşyna tomaşa etmek isleýän adamlar bilen dolduryldy. Olar bilen duşuşmak gyzykly boljakdygy görnüp durdy. Hemmeleriň teatr sahnasynyň arkasyna, «aşhanasy» we perdäniň aňyrsynda saklanýan syr barada öwrenmek isleýärdiler. Bu gün bolsa, bularyň hemmesi tomaşaçylara görkezildi.

Artistler gurjak teatrynyň döredilişiniň taryhy, onuň halypalary we täze atlary barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, tomaşaçylara dürli gurjaklar görkezildi. Görnüşi ýaly, bu tutuş bir ylym, hatda olaryň klassifikasiýasy hem bar. Gurjaklar depedäki, sahnada aktýoryň (özi perdäniň aňyrsynda görünmeýär) beýikliginden has ýokary bolanlara, taýakly, ellikli, kölegeli gurjaklara bölünýärler. Şeýle hem, aşakgy gurjaklar (aktýor ony ýokardan dolandyrýar) - iki taraplaýyn, marionetkalar, planşetliler bolýar.

1-4.JPG

Artistleriň özleriniň gürrüň berşi ýaly, käwagt gurjak teatryna gitmegiň ýerine öýde oturyp multfilm görmek has gowudyr diýen pikiri eşidip bolýar. Ýöne gurjak teatrynyň esasy artykmaçlygy, oýuna gelen tomaşaçylaryň edil multfilmiň içine düşmek ýaly bolýan 3D täsiri.Artistler öz gürrüňlerini oýunlardan sahnalar bilen suratlandyrdylar. Mundan başga-da, sazçylyk dünýäsi bilen baglanyşykly bölekler saýlandy. Gurjak sazandalar gural çaldylar, aýdym aýtdylar, tans etdiler ...

Teatryň režissýory G. Almammedow we aktýorlar – Türkmenistanyň at gazanan artistleri A.Kakabaýew, M.Hudaýberdiýew, G.Jumaýewa, A. Meredowa we M.Haýdarow öz hünäri barada joşgunly we gyzykly gürrüňler berýärdiler. Şeýle hem gurjakçylar, gurjak teatrynyň hem edil beýleki teatrlar ýaly sazsyz bolup bilmejekdigini aýtdylar. Oýunlaryň gahrymanlarynyň ýerine ýetirýän aýdymlary, sazly utgaşdyrma we zastawkalar – bularyň ählisi kompozitoryň we teatryň döredijilik toparynyň bilelikdäki işiniň netijesidir. Şeýle hem, teatr toparlarynyň türkmen kompozitorlary bilen duşuşyklary yzygiderli geçirilse gowy boljakdygy we olaryň netijesiniň täze gyzykly oýunlaryň boljakdygyny aýtdylar. Öz wagtynda gurjak çykyşlary üçin kompozitorlar A. Agadjykow, A. Çaryýew we häzirki zaman kompozitorlaryndan D.Hodjaýew dagylar köp saz ýazdylar.

2-5.JPG

Duşuşykdan soň tomaşaçylar artistleriň ýanyna baryp, gurjaklary ellerine aldylar, olary dolandyrmaga synanyşdylar, olar bilen we gurjakçylar bilen surata düşdüler, artistleriň nädip dürli seslerde gürläp bilýändikleri barada soraglar berdiler.

Bu aralykda, konserwatoriýanyň foýesinde hem iň oňat 150 suratçynyň biri bolan batalist suratkeş, tanymal suratçy Ahmet Hallyýewiň suratlarynyň sergisi geçýärdi.

20230419_114345.jpg

Onuň geň şekilde žiwopis suratlaryna meňzeş suratlary uly täsir galdyrdy. Olaryň arasynda türkmen medeniýetiniň görnükli şahsyýetleriniň portretleri, natýurmortlar hem peýzažlar bar. Suratlary hemmelere diýseň ýarady we hatda sergi gutarandan soň, sergä gelenlerden onuň ýapylmazlygy haýyş edilipdi, sebäbi «entek doly görüp ýetişmediler».

20230419_114348.jpg

Emma «Türkmen kompozitorlary hepdeligi» dowam edýär. Öňde, gün tertibinde - dördünji gün we oňa degişli zatlar. Diýilşi ýaly «Görkeziş dowam edýär». ORIENT maglumat hyzmatdaşynyň sahypalaryndan ähli gyzykly pursatlary öwreniň.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026