HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BelTA: Minsk GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda sportyň ýedi görnüşi boýunça ýaryşlary kabul eder

Aprel 18, 2023 | 11:30 |7099
Minskiniň kabul etjek GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň çäklerinde sportuň ýedi görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler – diýip, Minsk şäheriniň ýerine ýetiriji komitetiniň Sport we syýahatçylyk baradaky müdirliginiň baştutany Maksim Woropaýa salgylanyp, BelTA habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, paýtagtyň Oýunlara taýýarlygy ýokarydyr.Minskiniň kabul etjek GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň çäklerinde sportuň ýedi görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler – diýip, Minsk şäheriniň ýerine ýetiriji komitetiniň Sport we syýahatçylyk baradaky müdirliginiň baştutany Maksim Woropaýa salgylanyp, BelTA habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, paýtagtyň Oýunlara taýýarlygy ýokarydyr.
Çeşme: www.belta.by

Minskiniň kabul etjek GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň çäklerinde sportuň ýedi görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler – diýip, Minsk şäheriniň ýerine ýetiriji komitetiniň Sport we syýahatçylyk baradaky müdirliginiň baştutany Maksim Woropaýa salgylanyp, BelTA habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, paýtagtyň Oýunlara taýýarlygy ýokarydyr.

Belarusyň paýtagtynda ýaryşlary guramaklyga we geçirmeklige jogapkär beýleki hünärmenler bilen bilelikde müdirligiň işgärleri Oýunlaryň barşynda ulanyljak şäheriň sport binalarynyň we infrastruktura desgalarynyň barlagyny geçirdiler. Gurnaýjylar türgenleriň ýaşamagy üçin bölünip berlen ýerler bilen tanyşdylar, menýuny öwrendiler, şeýle hem Oýunlaryň gatnaşyjylarynyň myhmanhanadan sport desgasyna we yzyna gidip-gelmegi üçin amatly ugry işläp düzdüler.

Maksim Woropaýyň habar bermegine görä, Çeper gimnastika köşgi, «Minsk-Arena», Sport köşgi, «Palowa-Arena», «Çižowka-Arena» sport toplumy, SKA «Uruçýe», sportuň atyjylyk görnüşleri boýunça sport-sagaldyş toplumlary — türgenleri kabul etmäge taýýar.

Sport desgalarynyň sanawy entek açyk bolup galýar we türgenleriň sany barada gutarnykly karara gelnenden soň onuň üsti ýetirilip bilner. Meselem, Minskide woleýbol boýunça ýaryşlary geçirmek üçin woleýbol boýunça üç ýer zerur bolar: Sport köşgi, «Çižowka-Arena» we SKA «Uruçýe».

ORIENT harlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

01:50 Sentýabr 02, 2026
Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

01:10 Sentýabr 02, 2026
Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

21:07 Sentýabr 01, 2026