HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Yslam dünýäsi gadyr gijesini ybadat bilen geçirýär, çünki bu gijede edilen ybadat müň aýda edilen ybadatdan haýyrly

Aprel 17, 2023 | 20:53 |18369
Gadyr gijesi tutuş musulman ymmaty üçin mübärek gijeleriň biri bolup, Yslam dinine uýýanlar tarapyndan mukaddes Gurhanyň  ýere goýberilen gijesi diýlip hasaplanylýar. Aýdyşlaryna görä, hut şu gije ilkinji gezek Mekkedäki Nur dagynyň Hyra gowagynda Jebraýyl perişdäniň üsti bilen Muhammet pygambere Alak süresiniň bäş aýaty indirilýär. Ilkinji süre adamy ýaradanyň we bilmeýänini öwredeniň beýik Perwerdigärdigi barada habar berýär. Sürede okamagyň ähmiýeti nygtalýar, adamyň näme üçin ýaradylandygyna üns çekilýär.Gadyr gijesi tutuş musulman ymmaty üçin mübärek gijeleriň biri bolup, Yslam dinine uýýanlar tarapyndan mukaddes Gurhanyň  ýere goýberilen gijesi diýlip hasaplanylýar. Aýdyşlaryna görä, hut şu gije ilkinji gezek Mekkedäki Nur dagynyň Hyra gowagynda Jebraýyl perişdäniň üsti bilen Muhammet pygambere Alak süresiniň bäş aýaty indirilýär. Ilkinji süre adamy ýaradanyň we bilmeýänini öwredeniň beýik Perwerdigärdigi barada habar berýär. Sürede okamagyň ähmiýeti nygtalýar, adamyň näme üçin ýaradylandygyna üns çekilýär.
Çeşme: gettyimages.com

Gadyr gijesi tutuş musulman ymmaty üçin mübärek gijeleriň biri bolup, Yslam dinine uýýanlar tarapyndan mukaddes Gurhanyň ýere goýberilen gijesi diýlip hasaplanylýar. Aýdyşlaryna görä, hut şu gije ilkinji gezek Mekkedäki Nur dagynyň Hyra gowagynda Jebraýyl perişdäniň üsti bilen Muhammet pygambere Alak süresiniň bäş aýaty indirilýär. Ilkinji süre adamy ýaradanyň we bilmeýänini öwredeniň beýik Perwerdigärdigi barada habar berýär. Sürede okamagyň ähmiýeti nygtalýar, adamyň näme üçin ýaradylandygyna üns çekilýär.

Al-Kadr Remezan aýynyň soňky 10 gününiň içinde täk bir gije diýilip hasaplanylýandygyna seretmezden, köp musulman ýurtlarynda remezan aýynyň 27-nji gijesi mübärek gadyr gijesi diýilip kabul edilýär, türkmençe ol Perman gijesi,Sogap gijesi, Ýazgytlaryň ýazylýan gijesi diýlip hem atlandyrylýar.

book-g32ebce2b0_1920.jpg

Külli musulman ymmaty bu gijäni agzaçardan soň Kurany Kerim, namaz okap, doga edip, bilip we bilmän edilen günälerine toba edip, ybadat bilen geçirýär, sebäbi bu gijede edilen ybadat käbir öz içinde gadyr gijesi bolmadyk müň aýyň dowamynda ýerine ýetirilen ybadatdan, ýagny 83 ýyllap üznüksiz okalan doga-dileglerden hem haýyrlydyr.

Musulmanlaryň aglaba köpüsi şol gije namaz okamak üçin metjitde galýarlar, adata öwrülen Tarawa namazy musulmanlaryň tutuş maşgala bolup, berjaý edýän parzlarynyň biridir. Gaadyr gijesi müň aýdan hem haýyrly bolup, ol gijede mysal üçin, araplar, Perişdeler özleriniň Perwerdigäriniň rugsady bilen ýere inýärler diýlip hasaplaýarlar.

Iň bereketli gije hasaplanýan gadyr gijesini ýatman, ybadata berlip geçirýän musulmanlar Allatagalanyň rehim-şepagatyna, rysgal-bereketine, nur-imanyna mynasyp bolarlar.

Bu senäni aýratyn hormatlaýan türkmen maşgalalary maşgala agzalary, dost-ýarlary bilen bilelikde agyz açyp, bütin gije ýatman, Kurany Kerim okaýarlar, kaza goýan we nepil namazlaryny okaýarlar.

mosque-gad9dd4cb6_1920.jpg

Gudraty güýçli bu gijäniň ähli musulmanlaryň jebisleşmegine itergi berýändigi bellärliklidir. Yslam dininiň iki iri akymy hasaplanýan şaýylar we sünnüler köne öýkelerini ýatdan çykaryp, mysal üçin, şaýylara degişli eýran halky, azerbaýjanlar, yraklylaryň we türkleriň käbir toparlary şol günler Muhammet pygamberiň ruhy mirasdüşeri Alynyň şol gije öldürilendigi üçin ýas tutýarlar.

Türkmenistanda bu gije Bagyşlamak gijesi hem diýilýär. Metjitler we müftüler ähli musulmanlary bar bolan öýke-kinelerini aradan aýryp, kimden kineli bolsa, şonuň bilen çöregini paýlaşmagy ündeýär.

Däp bolşy ýaly, bu mübärek gijäniň öňüsyrasynda Türkmenistanda türkmen halkynyň öňden gelýän asylly däplerinden, ynsanperwer ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsi geçilýär, olar jeza çekmekden boşadylýar. Bu ýyl Gadyr gijesi mynasybetli, ak ýürekden toba gelen raýatyň 450-den gowragy tussaglykdan boşadylyp, öz öýlerine bardylar, maşgala agzalaryna gowuşdylar. Munuň özi gadyr gijesiniň mübärek, gudratly, nur gijesidiginden habar berýär.

Gadyr gijesi, beýleki mübärek gijelerde bolşy ýaly, Allatagallanyň rehmetini we yhsanyny bol eçilýän, dogalaryň kabul edilýän nur gijesidir, her bir musulman özüni tertibe salyp, geçmişi bilen hasaplaşyp, geljege has gaýratly gadam urmalydyr.

Arslan MÄMMEDOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026