HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwaly aýdym-saz muşdaklary türkmen kompozitorlarynyň täze eserleri bilen tanyşarlar

Aprel 10, 2023 | 00:53 |14309
Moskwada şu hepdäniň ahyrynda Ýewraziýa kompozitorlar bileleşiginiň Türkmen sebit bölüminiň agzalarynyň eserleriniň birnäçesiniň premýerasy bolar. 15-nji aprelde Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumy – Zurab Sereteliniň sungat galereýasynda opera aýdymçysy Darýa Guseýnowanyň konserti geçiriler, oňa ýerine ýetirijiniň dost-ýarlary, kärdeşleri we şägirtleri gatnaşarlar.Moskwada şu hepdäniň ahyrynda Ýewraziýa kompozitorlar bileleşiginiň Türkmen sebit bölüminiň agzalarynyň eserleriniň birnäçesiniň premýerasy bolar. 15-nji aprelde Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumy – Zurab Sereteliniň sungat galereýasynda opera aýdymçysy Darýa Guseýnowanyň konserti geçiriler, oňa ýerine ýetirijiniň dost-ýarlary, kärdeşleri we şägirtleri gatnaşarlar.
Çeşme: orient.tm

Moskwada şu hepdäniň ahyrynda Ýewraziýa kompozitorlar bileleşiginiň Türkmen sebit bölüminiň agzalarynyň eserleriniň birnäçesiniň premýerasy bolar. 15-nji aprelde Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumy – Zurab Sereteliniň sungat galereýasynda opera aýdymçysy Darýa Guseýnowanyň konserti geçiriler, oňa ýerine ýetirijiniň dost-ýarlary, kärdeşleri we şägirtleri gatnaşarlar.

Konsert maksatnamasyna laýyklykda, sahnada şu ýyl diňe Russiýada däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda-da doglan gününiň 100 ýyllygy bellenilýän Sergeý Rahmaninowyň saz eserleri ýaňlanar.

Mundan başga-da, türkmen kompozitorlary Jeren Gurbangylyjowanyň, Röwşen Nepesowyň, Mämmet Guseýnowyň we beýlekileriň eserleri ýerine ýetiriler.

Darýa Guseýnowa Moskwanyň "Gelikon-opera" sazly teatrynyň artisti, Russiýa we halkara ýaryşlaryň baýragynyň eýesi, professor Ruben Lisisianyň şägirdi. Darýa öz döredijiligi arkaly türkmen sazyny üstünlikli ýaýbaňlandyrýar, onuň zehini we sungaty Russiýanyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Ysraýylyň, Ispaniýanyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Şwesiýanyň, Estoniýanyň köp şäherlerinde diňleýjileri we tomaşaçylary özüne bendi etdi.

Konsert Çeperçilik galereýasynyň zallarynyň arasynda iň täsirlilerinden biri bolan “Domowaýa serkow” zalynda geçiriler. Onuň bezegi üçin Zurab Sereteli tarapyndan gyzgyn emal tehnikasynda we metalda ýerine ýetirilen monumental pannolaryň toplumy döredildi. Zal ussanyň eskizine laýyklykda, hrustal asyklardan ýygnalan “Kupola” atly üýtgeşik çyra bilen bezelen. Şeýle ajaýyp sungat eserleri bilen gurşalan bu ýerde wokal we instrumental saz konsertleri geçirilýär, olaryň biri-de moskwalylary häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň döredijiligi bilen tanyşdyrar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026