Türkmenistanyň ýygyndysy basketbol 3x3 boýunça Aziýanyň Kubogynyň saýlama oýunlarda ilkinji ýeňişini gazandy


Türkmenistanyň basketbol boýunça Milli Ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2023- saýlama ýaryşynyň 2-nj tapgyrynyň oýnunda Tonga Patyşalygyndan ýeňiş gazandy.
Singapurda geçen duşuşyk 19:15 hasabynda Türkmenistanyň peýdasyna tamamlandy. Dartgynly oýunda Toýly Baýryýewiň toparynda 9 oçko ýygnan Merdan Hojamämmedow iň netijeli boldy. Birinji tapgyryň oýunlarynda türkmen basketbolçylary 8:15 hasabynda Günorta Koreýadan ýeňildiler.
Iki tapgyryň netijesi boýunça saýlama kiçi toparda Täze Zelandiýa öňde barýar. Ikinji ýerde Günorta Koreýa ýerleşdi. Üçünji setiri – Türkmenistanyň topary eýeleýär, Tonga Patyşalygynyň topary bolsa dördünji orna düşdi.
Seçimleriň üstünlikli tamamlanan halatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşyň esasy toruna düşer, ol ýerde Awstraliýa we Ýaponiýa bilen duşuşar. Singapurdaky ýaryşa milli ýygyndynyň düzümini Toýly Baýryýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edýän Annaguly Hojagulyýew, Merdan Hojamämmedow, Kerim Mämmetmyradow we Ýewgeniý Nazipow düzdüler.
Aziýanyň Kubogy 3x3 – Basketbolyň halkara federasiýasynyň howandarlygynda geçýän ýaryşdyr. Abraýly baýrak ugrunda Aziýa yklymynyň 24 ýygyndysy göreş alyp barýar. 29-njy martda başlanan çempionat 1-nji aprelde tamamlanar.
ORIENT habarlar








