HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenleriň Arkadag şäheri fransuzlaryň Mezon-Laffit şäheri bilen doganlaşan şäherler bolup biler

Mart 14, 2023 | 11:30 |14296
Arkadag şäheri bilen fransuzlaryň Mezon-Laffit şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew we fransuz şäheriniň häkimi, Fransiýanyň parlamentiniň hormatly agzasy Žak Mýard ara alyp maslahatlaşdylar – diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat maglumatynda habar berilýär.Arkadag şäheri bilen fransuzlaryň Mezon-Laffit şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew we fransuz şäheriniň häkimi, Fransiýanyň parlamentiniň hormatly agzasy Žak Mýard ara alyp maslahatlaşdylar – diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat maglumatynda habar berilýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Arkadag şäheri bilen fransuzlaryň Mezon-Laffit şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew we fransuz şäheriniň häkimi, Fransiýanyň parlamentiniň hormatly agzasy Žak Mýard ara alyp maslahatlaşdylar – diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat maglumatynda habar berilýär.

Parižden 19 km uzaklykda ýerleşip, Mezon-Laffit özüniň köp asyrlyk gözel ýerleri we Ýewropada iň uzyn göni ýodasy bolan uly aýlawy bilen meşhurdyr. Bulardan başga-da, şäherde at ýataklar, çapuw atlarynyň türgenleşik binýatlary we «Ptolemeýiň» atynyň bürünçden ýasalan heýkeli bar.

Türkmenistanyň ilçisi şäheriň häkimine Arkadag şäheriniň – Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygy barada habar berdi, ol ýurduň iri şäherleriniň biri bolmalydygyny belledi.

Infrastrukturanyň köp desgalary bilen bir hatarda täze şäherde Ahalyň atly sirkini, atçylygyň Ylmy-önümçilik merkezini, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren meşhur Akhan bedewiniiň heýkelini, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny gurarlar.

Mýard berlen maglumat üçin minnetdarlyk bildirdi we Arkadag şäheri bilen Mezon-Laffitiň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak pikirini goldady. Şunuň ýaly gatnaşyklar iki şäheriň arasynda ýakyn we uzak möhletli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam eder – diýip, fransuz şäheriniň häkimi nygtady.

Duşuşyk tamamlanandan soňra Mýard Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisini bu ýurduň gözel şäherleriniň biri bolan Mezon-Laffit şäheriniň infrastrukturasy we gözel ýerleri bilen tanyşdyrdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026