HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ştangaçysy Albaniýadaky ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medal gazandy

Mart 29, 2023 | 13:06 |20548
Türkmen agyr atletikaçysy Medine Amanowa Durresde (Albaniýa) geçirilýän 2023-nji ýylyňýetginjekler dünýä çempionatynda altyn medal gazandy.Türkmen agyr atletikaçysy Medine Amanowa Durresde (Albaniýa) geçirilýän 2023-nji ýylyňýetginjekler dünýä çempionatynda altyn medal gazandy.
Çeşme: iwf.sport

Türkmen agyr atletikaçysy Medine Amanowa Durresde (Albaniýa) geçirilýän 2023-nji ýylyňýetginjekler dünýä çempionatynda altyn medal gazandy.

Paýtagtymyzyň Ýokary sport ussatlyk mekdebiniň 17 ýaşly türgen-okuwçysy bu üstünlige 59 kg çenli agram derejesinde çykyş etmek bilen ýetdi. Ştanganygötermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça Amanowanyň netijesi - 199 kg: silterläp götermekde 90 kg we itekläp götermekde 109 kg deň boldy.

Kümüş medala ekwadorly Jessika Palasiosa mynasyp boldy – 195 (88+107). Pýedestalyň üçünji basgançagyna Albaniýaly türgen Enkileda Kardža çykdy – 187 (87+100).

Ozal milli ýygyndymyzyň gaznasyna altyn medaly 45 kg çenli agram derejesinde Ogulşat Amanowa getiripdi. Iki görnüşiň jemi boýunça — 71 kg silterläp götermekde we 85 kg itekläp götermekde türkmen türgeni 156 kg umumy görkeziji bilen ýeňiş gazanypdy.

Perhat Bahtiýarow 61 kg çenli agram derejede ýaryşyň wise-çempiony boldy. Ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça on ýedi ýaşly türgen - 258 kg netije görkezdi (114+144).

Ýetginjekleriň çempionatyna türkmen wekiliýetiniň düzümini 13 adam, şol sanda 9 türgen düzdi. Türkmenistanly agyr atletikaçylar dünýäniň birinjiligi ugrundaky ýaryşda Gurbandurdy Amanowyň we Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edýärler.

Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň çempionaty – IWF howandarlygynda her ýylky geçirilýän ýaryşdyr. Bu gezekki ýaryş 61 ýurtdan 13 ýaşdan 17 ýaşa çenli üç ýüzden gowrak ştangaçyny ýygnady, olar 20 agram derejelerinde medallar ugrunda bäsleşýärler. 25-nji martda başlanan ýaryş 1-nji aprelde tamamlanar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026