HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Falling Walls Lab bäsleşigi Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler

Mart 24, 2023 | 22:14 |9130
Ýaş we zehinli türkmen gözlegçileri, şeýle hem dürli ugurlar boýunça hünärmenler, innowasiýa ideýalaryny we taslamalaryny 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda ýurtda ilkinji gezek geçiriljek «Falling Walls Lab Turkmenistan» atly halkara barlaghana bäsleşiginde hödürlemäge çagyrylýar.Ýaş we zehinli türkmen gözlegçileri, şeýle hem dürli ugurlar boýunça hünärmenler, innowasiýa ideýalaryny we taslamalaryny 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda ýurtda ilkinji gezek geçiriljek «Falling Walls Lab Turkmenistan» atly halkara barlaghana bäsleşiginde hödürlemäge çagyrylýar.
Çeşme: Falling Walls Lab Turkmenistan

Ýaş we zehinli türkmen gözlegçileri, şeýle hem dürli ugurlar boýunça hünärmenler, innowasiýa ideýalaryny we taslamalaryny 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda ýurtda ilkinji gezek geçiriljek «Falling Walls Lab Turkmenistan» atly halkara barlaghana bäsleşiginde hödürlemäge çagyrylýar.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, 10 ýyl mundan ozal bakalawr derejesini alan dalaşgärler, 7 ýyl mundan ozal diplom alan magistrler, şeýle hem 5 ýyl mundan ozal doktorlyk derejesiniň eýesi bolan dalaşgärler gatnaşyp bilerler. Doktorlykdan soňky talyplar we häzirki wagtda uniwersitetde okaýan talyplar hem ýüz tutup bilerler.

Ýaryşyň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşýanlar öz pikirlerini islendik ylmy, jemgyýetçilik, senagat ýa-da işewürlik ugrunda üç minutda hödürlemeli. Esasy zat, düşünje innowasiýa we batyrgaý bolmaly. Bäsleşigiň baş baýragy, ýaryşyň jemleýji tapgyry üçin Berline syýahatdyr.

Image.jpeg

Gatnaşmak üçin ýüztutma salgylanma arkaly tabşyrylyp bilner. Başlanýan möhleti 2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde. Has giňişleýin maglumaty Germaniýanyň ilçihanasynyň saýtynda tapyp bilersiňiz.

«Ýykylan diwarlar barlaghanasy» diýip, Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp Germaniýada döredilen Falling Walls Lab taslamasyna aýdylýar. Her güýzde Germaniýanyň paýtagty dünýäniň çar künjeginden «Falling Walls Lab» bäsleşiginiň ýeňijilerini ýygnaýan jemleýji konferensiýany geçirýär. Bu ýyl Türkmenistandan iň gowy gözlegçiler hem Berline bararlar.

«Falling Walls Lab» ýaş alymlara, hünärmenlere we telekeçilere öz ideýalaryny, gözleg taslamalaryny we jemgyýetçilik başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine hödürlemäge, şeýle hem ylmy düşünjelerini beýan etmäge ýa-da adam işjeňliginiň ähli ugurlarynda diýen ýaly dürli meseleleri çözmegiň innowasion usullaryny teklip etmäge mümkinçilik döredýär.

Ýaşlar üçin bu – eşidilmek pursady bolup, olaryň innowasiýa pikirleri ösüş üçin bir başlangyç bolup biler. Hakykatdanam, Berlin meýdançasynda uly syýasatçylar, işewürler, ykdysadyýetçiler, alymlar, žurnalistler, aktiwistler we media-şahslardan düzülen eminler ýuygnanşyp, halanan taslamany başladyp bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026