«Arkalaşygyň gymmatly monjugy» atly halkara taslamasynyň başlamagy Minskde ara alnyp maslahatlaşyldy


GDA ýurtlarynyň taryhy ýadygärlikleri we medeni we syýahatçylyk ýerleri «Arkalaşygyň gymmatly monjugy» atly taslamasyna goşular. Penşenbe güni Minskde Arkalaşygyň ýurtlarynyň we GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini öz içine alýan halkara maksatnamany taýýarlamak boýunça iş toparynyň hünärmenleri, bu taglymaty durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Belarussiýanyň BELTA agentligi habar berýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar GDA ýurtlarynyň gözel ýerleriniň «Arkalaşygyň gymmatly monjugy» atly taslamasyna goşulyp boljak ölçegleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem milli we döwletara ähmiýetli medeni we gymmatly binalaryň sanawyna garadylar. Zerur syýahatçylyk infrastrukturasynyň barlygy hem göz öňünde tutuldy.
Maksatnamany işläp düzüjiler, geljekki taslama girjek obýektleri bellemeli «Arkalaşygyň gymmatly monjugynyň merjeni» atly nyşany döretmek baradaky teklibi öňe sürdüler. Mundan başga-da, hünärmenler GDA-nyň mümkin bolan mowzuklaýyn medeni ugurlarynyň sanawyna garadylar.
«Arkalaşygyň gymmatly monjugy» atly halkara taslamasy toplumlaýyn syýahatçylyk ugurlaryny, tanyş ýerlerden we desgalardan emele gelen medeni esasy, şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň milli däp-dessurlary tanatmak we mahabatlandyrmak üçin döredildi. Geljekde bu ugurlar, işewür toparlaryň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda syýahatçylyk sergilerinde, ylmy we amaly konferensiýalarda we seminarlarda hödürlemek üçin «Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» döwletara maksatnamasyna girizilip bilner.
ORIENT news








