HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lorenso Natali adyndaky halkara Mediabaýragyny almak üçin ýüz tutmalaryň tabşyrylmagy açyldy

Mart 27, 2023 | 18:27 |6802
Lorenso Natali adyndaky 31-nji Mediabaýragyny almak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlandy – diýip, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasyInstagramda habar berýär.Lorenso Natali adyndaky 31-nji Mediabaýragyny almak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlandy – diýip, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasyInstagramda habar berýär.
Çeşme: twitter.com

Lorenso Natali adyndaky 31-nji Mediabaýragyny almak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlandy – diýip, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasyInstagramda habar berýär.

Bu baýrak öňdebaryjy sylag bolup, her ýylda halkara hyzmatdaşlygy baradaky Ýewropa komissiýasy tarapyndan adam hukuklary we demokratiýa meselelerini, durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak, migrasiýa we iş üpjünçiligi meselelerini beýan edýän bütin dünýädäki žurnalistlere gowşurylýar.

Ýüz tutmany onlaýn görnüşde şu salgylanma boýunça 28-nji aprele çenli tabşyryp bolýar.

Žurnalistler aşakdaky kategoriýalaryň birinden ýazmaça, audioşekilli ýa-da multimedia işlerini hödürläp bilerler:

Halkara baýragy. Ol Ýewropa Birleşiginiň hyzmatdaş-ýurtlarynyň birinde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen ýa-da ýaýlymagoýberlen reportaž üçin berilýär.

Ýewropa baýragy. - Ýewropa Birleşigi ýurtlarynda KHBS-däki reportaž üçin.

Iň gowy başlaýan žurnalist üçin baýrak: - 30 ýaşa çenli bolan žurnalistiň reportažy üçin, halkara we ýewropa baýraklaryny almaga hukugy bolan islendik ýurduň KHBS-de çap edilen ýa-da ýaýlyma goýberlen reportaž üçin.

Ýüz tutmalar islendik dildäki media-işler üçin açykdyr. Ýöne olaryň ýanyna bäsleşigiň haýsy hem bolsa bir dilindäki terjimesi: iňlis, fransuz, ispan, nemes ýa-da portugal dilindäki tejimesi çatylmalydyr.

Bütin dünýä meşhur žurnalistlerden we bütin dünýädäki döwlete degişli bolmadyk guramalaryň wekillerinden ybarat eminler her üç kategoriýadan ýeňijileri saýlarlar. Sylagyň baýrak gaznasy 10 müň ýewrodyr.

Baýrak 1992-nji ýylda italýan syýasatçysy, Ýewrokomissar, söz azatlygynyň, demokratiýanyň goragçysy, adam hukuklarynyň we ösüşiniň goragçysy Lorenso Nataliniň hormatyna döredildi. Ol Gresiýanyň, Ispaniýanyň we Portugaliýanyň ÝB-ne girmeginde möhüm orun eýeläpdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026