26-27-nji aprelde Dubaýda Türkmenistanyň Halkara nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler


Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forum 26-27-nji aprelde BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriler. Bu iri daşarky çärä görülýän taýýarlyk barada wise-premýer Aşyrguly Begliýew prezidente hasabat berdi.
Onuň sözlerine görä, Dubaýda geçiriljek forumyň gün tertibinde tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, energiýa bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen sektorynyň deňiz bloklaryny özleşdirmek taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmek, Galkynyş meýdanyny mundan beýläk-de senagat taýdan özleşdirmek ýaly meseleler bolar.
Nebit-gaz pudagynyň ösüşiniň ekologiýa jähtlerine we sanlylaşdyrylmagyna aýratyn üns berler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu forumyň Türkmenistanyň energiýa diplomatiýasy we ýurduň ýangyç-energetika toplumynda innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak pudagynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ähmiýetlidigini belläp geçdi.
ORIENT news








