HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubnadaky Volga music fest 2023 festiwalynda Türkmen sazy ýerine ýetiriler

Mart 22, 2023 | 19:32 |13277
Ikinji klassiki Volga music fest saz festiwaly 15-nji martdan 1-nji aprel aralygynda Dubna şäherinde (Moskwa sebiti) geçirilýär. Pianinoçylar Wladimir we Ýelena Suşkowlar tarapyndan gurnalan festiwalyň maksatnamasynda meşhur sazandalaryň mugt ussatlyk sapaklary, görnükli medeniýet işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary we elbetde klassiki saz konsertleri bar.Ikinji klassiki Volga music fest saz festiwaly 15-nji martdan 1-nji aprel aralygynda Dubna şäherinde (Moskwa sebiti) geçirilýär. Pianinoçylar Wladimir we Ýelena Suşkowlar tarapyndan gurnalan festiwalyň maksatnamasynda meşhur sazandalaryň mugt ussatlyk sapaklary, görnükli medeniýet işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary we elbetde klassiki saz konsertleri bar.
Çeşme: Mammed Guseýnow tarapyndan berildi

Ikinji klassiki Volga music fest saz festiwaly 15-nji martdan 1-nji aprel aralygynda Dubna şäherinde (Moskwa sebiti) geçirilýär. Pianinoçylar Wladimir we Ýelena Suşkowlar tarapyndan gurnalan festiwalyň maksatnamasynda meşhur sazandalaryň mugt ussatlyk sapaklary, görnükli medeniýet işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary we elbetde klassiki saz konsertleri bar.

Festiwal Sergeý Rahmaninowyň 150 ýyllygyna bagyşlanýar. Emma 30-njy martda geçiriljek konsertde, köp ýyl bäri uly sahnadan türkmen aýdym-saz sungatyny meşhurlaýan ýerine ýetirijileriň maşgala we döredijilik dueti Darýa we Mamed Guseýnowlar gatnaşar. Ol ýerde diňe rus kompozitorynyň eserleri ýaňlanman, eýsem sazandalar tomaşaçylary Türkmenistanyň kompozitorlary bilen hem tanyşdyrarlar! Şeýlelikde, konsertde Nury Halmammedowyň, Jeren Gurbangylyjewanyň we Mamed Guseýnowyň kompozisiýalary ýerine ýetiriler.

Darýa Guseýnowa – opera aýdymçysy, Moskwanyň «Gelikon-opera» sazly teatrynyň artisti, Bütinrussiýa we Halkara ýaryşlarynyň laureaty, Ýelena Obrazsowa, Marina Meşerýakowa, Aleksandr Antonenko ýaly bütin dünýä meşhur opera aýdymçylarynyň birnäçe ussatlyk sapaklaryna gatnaşdy.

1.jpg

Onuň sungaty Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Ysraýylyň, Ispaniýanyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Türkmenistanyň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Şwesiýanyň, Estoniýanyň we başga-da köp şäherleriň diňleýjilerini birnäçe gezek özüne tabyn etdi.

Mammed Guseýnow – kompozitor, jemgyýetçilik işgäri, Moskwanyň Nury Halmamaedow adyndaky «Dutaryň sesleri» halkara sungat festiwalynyň art-müdiri, Ýewraziýa kompozitorlar bileleşiginiň Türkmen sebit bölüminiň başlygy, Gnessin adyndaky Rus sazçylyk akademiýasyny tamamlan, köp sanly milli we halkara ýaryşlaryň ýeňijisi. Ol Russiýada, Fransiýada, Germaniýada, Portugaliýada, Ispaniýada, Kanadada geçirilen festiwallara gatnaşdy.

Mamet Guseýnowyň eserleri köp sanly ady belli sazandalar, şol sanda Uly teatrynyň, Gelikon operanyň sungat işgärleri, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň orkestrleri, Russiýanyň L.W Nikolaýew adyndaky ýaşlar simfoniki orkestri, Kaspi ýakasynyň orkestri, Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň kirişli orkestri tarapyndan ýerine ýetirýär.

2.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026