HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň ýygyndy toparynyň MA ýaryşyna gatnaşmagyna türkmen futbolçylarynyň garaýşy

Mart 23, 2023 | 02:42 |12660
Russiýanyň futbol boýunça Milli ýygyndy toparynyň erkekleriň arasynda Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) ilkinji çempionatyna gatnaşjakdygy baradaky habar futbolçylaryň we sport muşdaklarynyň arasynda dürli seslenme döretdi.Russiýanyň futbol boýunça Milli ýygyndy toparynyň erkekleriň arasynda Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) ilkinji çempionatyna gatnaşjakdygy baradaky habar futbolçylaryň we sport muşdaklarynyň arasynda dürli seslenme döretdi.
Çeşme: vavel.com

Russiýanyň futbol boýunça Milli ýygyndy toparynyň erkekleriň arasynda Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) ilkinji çempionatyna gatnaşjakdygy baradaky habar futbolçylaryň we sport muşdaklarynyň arasynda dürli seslenme döretdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli ýygyndysy hem CAFA federasiýasyna degişlidir, şonuň üçin ildeşlerimiziň paýyna meşhur rus ýygyndysy bilen duşuşmak mümkinçiligi (munuň özi synag we şol bir wagtyň özünde üstünlik) düşmegi mümkin.

ORIENT Türkmenistanyň Milli ýygyndysynyň agzalaryndan rus ýygyndy toparynyň Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşmagy we bu topar bilen mümkin bolan duşuşykdan nämä garaşýandyklary barada sorady.

Hüjümçi Didar Durdyýew güýçli rus ýygyndysynyň Aziýa ýaryşlaryna gatnaşmagynyň AFK-nyň islendik topary üçin gowy mekdep we bahasyna ýetip bolmajak tejribe boljakdygyny aýtdy.

− Bu biziň milli ýygyndymyz üçin täze ýetilmeli sepgit bolar. Biz üçin Russiýanyň ýygyndysy bilen bilelikde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak gowy synag bolar. Muňa türkmen futbolynyň ösmegine güýçli itergi hökmünde baha bermek bolar. Bu toparlaýyn we şahsy tarapdan meýdançadaky taktiki we tehniki hereketleri kämilleşdirmäge öz öňyn täsirini ýetirer - diýip, futbolçy ORIENT—iň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

2.jpg

Hüjümçi öz çaklamalary bilen hem paýlaşdy:

− Elbetde, Russiýanyň ýygyndysy – güýçli topar, ýöne beýleki toparlar hem juda gowşak däl. Olaryň hersiniň özlerine we öz güýjüne uly ynam bilen geljekki oýunlara yhlasly taýýarlanjakdygyna ynanýaryn. Meniň pikirimçe, öňümizdäki ýaryşlar örän gyzykly geçer" - diýip, Didar Durdyýew sözüni jemledi.

Türkmenistanyň Milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titow hem söhbetdeşlige goşuldy:

− Toparymyzyň öňünde Merkezi Aziýa ýaryşynda ýokary netijeleri gazanmak üçin ähli tagallalary etmeli diýlen wezipe dur.

3.jpg

− Biz CAFA çempionatyna gatnaşmak bilen örän gymmatly tejribe toplarys - diýip, Mihail sözüni dowam etdi, - ýöne mynasyp netijäni görkezmek üçin biz meýdançada ähli başarnygymyzy ulanmagy başarmaly we ýokary hilli futbol görkezmeli.

Türkmenistanyň Milli ýygyndysynyň agzasy Ruslan Mingazowyň kakasy, zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Kamil Mingazow Russiýanyň Milli ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşmagy barada pikiri bilen paýlaşdy.

− "Futbolçylarymyzyň öz derejelerine baha bermäge we netije çykaryp, öz hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin indiki zerur ädimleri kesgitlemäge mümkinçilik berer" - diýip, Mingazow belläp geçdi.

4.jpg

9-njy iýundan 21-nji iýun aralygynda Bişkek we Daşkent şäherlerinde geçiriljek çempionata Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň agza ýurtlary: Türkmenistan, Täjigistan, Eýran, Özbegistan, Gyrgyzystan we Owganystan gatnaşar. Russiýanyň ýygyndy topary hem bu ýaryşa gatnaşýandygyny tassyklady. Çempionata Aziýanyň ýygyndy toparlaryndan ýene birini çagyrmak meýilleşdirilýär.

Düzgüne laýyklykda, sekiz topar iki “dörtlüge” bölüner. Olaryň ýeňijileri finalda duşuşarlar, öz “dörtlüginde” ikinji orny eýelän toparlar bolsa üçünji ýer ugrunda bäsleşerler.

2022-nji ýylyň fewralynda Halkara futbol federasiýasy we UEFA rus klublaryny we ýygyndy toparyny halkara ýaryşlaryna gatnaşmakdan mahrum etdi.

30-njy dekabrda Russiýanyň futbol birleşigi (RFU) UEFA-dan Aziýa futbol konfederasiýasyna geçmek ýa-da geçmezlik meselesini hemmetaraplaýyn öwrenmek maksady bilen iş toparyny döretdi. Meseläni anyk öwrenmek arkaly, iş topary Russiýanyň Milli ýygyndy we klub toparlarynyň halkara derejesine gaýdyp gelmegini gazanmak üçin anyk teklipleri hödürlär.

5.jpg

Russiýanyň futbol klublary we milli ýygyndysy sanksiýalara sezewar edilip, halkara ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiliginden mahrum edildi. Şol sebäpli-de, RFU-nyň UEFA-dan Aziýa futbol konfederasiýasynyň düzümine geçmek meselesi ýüze çykdy.

Sport ulgamyndaky wezipeli adamlaryň pikirleri ikä bölünýär: olaryň birentegi “asla çykyş etmezlikden, futbol meselesinde gowşak hem bolsa, Aziýada oýnamak has gowudyr” diýip hasaplaýarlar, Iru-giç hemme zadyň kadaly ýagdaýa gaýdyp geljekdigine ynanýanlar bolsa UEFA-nyň düzüminde galmagy goldaýarlar.

Eger birinji topardakylaryň pikiri orun alsa, rus futbolynyň Aziýanyň stadionlaryna gelmegi bilen ol ýerdäki bäsdeşlik göreşi ep-esli ýokarlanar we şeýlelik bilen, yklymyň bu böleginde futbolyň umumy derejesiniň täze belentliklere çykmagyna itergi berer.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026