Arkadag şäheriniň Ýüpek ýolunyň ýurtlarynyň şäher häkimleriniň Forumyna wekilçilik etmegi meýilleşdirilýär


Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow «Astana» Halkara maliýe merkeziniň Ýaşyl maliýeler merkeziniň Baş direktory Aýdar Kazybaýew we Alymlaryň Ýewraziýa ykdysady klubynyň prezidenti Myrat Karymsakow bilen Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň – Arkadag şäheriniň Ýüpek ýolunyň ýurtlarynyň şäher häkimleriniň Forumynyň meýdançasynda tanyşdyrylyşyny gurnamagy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada diplomatik wekilhananyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.
Duşuşyga şeýle hem Milli ekologik, sosial we dolandyryş «Green Urban» klubynyň komitetiniň ýolbaşçysy, GPI kompaniýasynyň direktory Ýuliýa Ýakupbaýewa hem gatnaşdy.
Diplomat myhmanlary Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilen binalar bilen tanyşdyrdy, olaryň esasynda «akylly şäher» konsepsiýasy bar. Söhbetdeşler şäheri tanyşdyrmaklykda bilelikdäki çäreleri geçirmeklige gyzyklanma bildirdiler.
Astana ykdysady forumy bilen birlikde «Alymlaryň Ýewraziýa ykdysady kluby» birleşmesiniň esasy taslamalarynyň biri Ýüpek ýolunyň ýurtlarynyň Global Silk Road şäher häkimleriniň Forumydyr. Forum Ýüpek ýolunyň ýurtlarynyň halklarynyň dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçiliklerini utgaşdyrmaga niýetlenendir.
ORIENT habarlar








