HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hazaryň töwereginden geçýän trassanyň gurluşygyny maslahatlaşýarlar

Mart 24, 2023 | 11:07 |8863
Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hazaryň töwereginden aýlanyp geçýän trassanyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekip bilerler - diýip, RF-nyň premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin RIA Nowosti agentligine gürrüň berdi.Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hazaryň töwereginden aýlanyp geçýän trassanyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekip bilerler - diýip, RF-nyň premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin RIA Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hazaryň töwereginden aýlanyp geçýän trassanyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekip bilerler - diýip, RF-nyň premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin RIA Nowosti agentligine gürrüň berdi.

«18-nji maýda biz Kazan Forum çäresini geçirýäris we ol ýerde Gazagystandan we Türkmenistandan bolan kärdeşlerimiz bilen Hazaryň töwereginden geçýän trassanyň gurluşygyny maslahatlaşmagy meýilleşdirýäris, ähtimal ylalaşyga gol çekeris» - diýip, habarlar agentligi Husnulliniň sözlerini getirýär.

Ozal Russiýanyň «Awtodor» döwlet kompaniýasynyň baştutany Wýaçeslaw Petuşenko ýurduň logistikasynyň gaýtadan sazlanmagyny göz öňünde tutup, Hazar çykalgasynyň uly ähmiýete eýedigini beýan etdi. Bu çykalgany öz gezeginde RF-sy Hytaýa gidýän «Median» trassasy bilen baglanyşykda işlejek Günorta-Gündogar hordanyň gurluşygynyň hasabyna amala aşyrylyp bilner.

Russiýanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki ýol taslamasynyň ýerine ýetiriliş meýilnamalary barada RF-nyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda Türkmenistana eden iş saparynyň çäklerinde belli boldy. Şol wagt Hazaryň gündogar kenarýakasy boýunça awtomagistralyň gurluşygynyň mümkinçiligi barada habar berlipdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026