Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BelTA: GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň nyşany we tumary tassyklandy

Mart 14, 2023 | 12:52 |105731
Belarusda GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň nyşanyny we tumaryny tassykladylar, bu oýunlary Respublika 2023-nji ýylyň 3-nji awgustyndan 15-nji awgusynta çenli kabul eder.Belarusda GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň nyşanyny we tumaryny tassykladylar, bu oýunlary Respublika 2023-nji ýylyň 3-nji awgustyndan 15-nji awgusynta çenli kabul eder.
Çeşme: BelTA

Belarusda GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň nyşanyny we tumaryny tassykladylar, bu oýunlary Respublika 2023-nji ýylyň 3-nji awgustyndan 15-nji awgusynta çenli kabul eder.

Degişli karar Belarusda halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmegi we geçirmegi üpjün etmek boýunça guramaçylyk komitetiniň ýygnagynda kabul edildi - diýip, BelTA habar berýär.

Nyşan Belarus üçin häsiýetli elementleriň birnäçesini - myhmansöýerligiň we dostlugyň nyşany bolan ýagty daşkekrä gülleýän nagyşly sekizburçluk ýyldyzy şöhlelendirýär.

«Sekizburçluk ýyldyzyň uly mifologik çuňlugy bar, daşkekre bolsa Belarusyň resmi däl nyşanlarynyň biridir. Biziň nyşany dinamiki äheňleşdirmegimizde daşkekre milli güljagaz bolup çykyş edýär» - diýip, Belarysyň MOK-niň marketing bölüminiň baştutany Witaliý Ostrowskiý belledi.

Oýunlar «Güýçli häsiýet—aýdyň oýun!» şygary astynda geçer, ol ýaryşlaryň esasy maksadyny düzýär.

Oýunlaryň tumary hökmünde Rysýa atly belorus ýabany pişigi saýlanyp alyndy. Hut ol sport tumaryna gabat gelýän häsiýetlere – ykjamlyga, çalasynlyga, ýiti akyla eýedir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026