HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň instituty MA ýurtlarynda analitiki merkezleriň toruny döretmekligi teklip etdi

Mart 20, 2023 | 12:47 |5849
Yslamabadyň strategiki barlaglar institutynyň (CPSC/ISSI) hytaý-pakistan ylmy-barlag merkezi Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Azerbaýjanda analitiki merkezleriň toruny döretmekligi teklip etdi.Yslamabadyň strategiki barlaglar institutynyň (CPSC/ISSI) hytaý-pakistan ylmy-barlag merkezi Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Azerbaýjanda analitiki merkezleriň toruny döretmekligi teklip etdi.
Çeşme: pixabay.com

Yslamabadyň strategiki barlaglar institutynyň (CPSC/ISSI) hytaý-pakistan ylmy-barlag merkezi Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Azerbaýjanda analitiki merkezleriň toruny döretmekligi teklip etdi.

Bu barada institutyň baş direktory Mahmud Sohail Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň MA ýurtlarynyň wekiliýetiniň baştutany hökmünde we onuň Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan we Täjigistandan bolan kärdeşleriniň gatnaşan tegelek stolunyň jemleri boýunça beýan etdi – diýip, The Nation habar berýär.

Mahmud Sohail Respublikanyň ähli sebitleriniň arasyndaky çuňňur özara gatnaşygyň bardygyny nygtady hem-de Pakistanyň dünýä ummanyna iň gysga we bähbitli ýollaryň birini üpjün edýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Ol merkezleri döretmek üçin CPSC/ISSI-ň platforma bolup hyzmat edip biljekdigini beýan etdi. Şunuň ýaly ölçeg ep-esli derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda umumy maksatlary pugtalandyrar. Diplomatiki wekilhanalaryň baştutanlary institutyň baş direktorynyň başlangyjyny makulladylar.

Mundan başga-da, ýurtlaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga degişli syýasy geňeşmeleri işläp taýýarlamak üçin çäre geçirmeklige ylalaşdylar. Bu jähtden çekeleşmäniň gatnaşyjylary Yslamabadyň «Merkezi Aziýa Göz ýetiriş» syýasatynyň – goňşy sebitiň döwletlerine gatnaşygyna bolan aýratyn ornuny bellediler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026