Özbegistan Aziýanyň ýaşlar Kubogynyň çempiony boldy


Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy final ýaryşda Yragyň toparyny ýeňip, taryhda ilkinji gezek U-20 Aziýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Daşkentdäki «Bunedkor» stadionynda geçirilen oýun 1:0 hasaby bilen tamamlandy.
Duşuşygyň ykbalyny oýnuň 70-nji minudynda Umarali Rahmonaliýewiň on bir metrlik jerime nokadyndan girizen goly kesgitledi.
Ýaryşyň çärýek finalynda Özbegistan oýundan soňky on bir metrlik urgular boýunça Awstraliýadan ýeňiş gazandy (1:1, on bir metrlik urgular – 5:4).
Özbek ýygyndysynyň gatnaşmagyndaky ýarym final ýaryşy oýnuň esasy wagtynda ýeňijini ýüze çykarmady, oýundan soňky on bir metrlik urgularda Röwşen Haýdarowyň türgenleri Günorta Koreýadan has takyk boldular (0:0, 3:1).
Aziýanyň Kubogy U-20 Özbegistanda 1-nji martdan 18-nji marta çenli aralykda Daşkendiň we Fergananyň stadionlarynda geçirildi. Ýaryşa dört topara bölünen 16 ýygyndy gatnaşdy. Her kwartetden iki topar play-offa çykdylar.
Dört sany iň gowy ýygyndylar – Özbegistan, Yrak, Günorta Koreýa we Ýaponiýa – Indoneziýada geçjek dünýäniň ýaşlar çempionaty-2023-e ýollanma aldylar. Ýaryşyň bije atyşlygy 31-nji martda bolup geçer.
ORIENT habarlar








