HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Orta geçelgesinde ýönekeýleşdirilen üstaşyr meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Mart 20, 2023 | 17:50 |6243
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň «bir penjire» ýörelgesi boýunça «Gündogar-Günbataryň» ugrundaky Hazarüsti halkara Orta geçelgesiniň üstaşyr düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi taslamasy boýunça Köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň «bir penjire» ýörelgesi boýunça «Gündogar-Günbataryň» ugrundaky Hazarüsti halkara Orta geçelgesiniň üstaşyr düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi taslamasy boýunça Köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň «bir penjire» ýörelgesi boýunça «Gündogar-Günbataryň» ugrundaky Hazarüsti halkara Orta geçelgesiniň üstaşyr düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi taslamasy boýunça Köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy.

Çäre Bakuwda geçdi – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär. Duşuşykda taraplar üstaşyr gümrük düzgünlerini ýönekeýleşdirmegiň mehanizmlerini işläp düzmegi we ornaşdyrmagy we araçäkden geçmek tertibini tizleşdirmegi, ýagny e-TIR, e-CMR, e-Permit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gatnaşyjylar şeýle hem «Gündogar-Günbatar» Hazarüsti halkara Orta geçelgesiniň geljegine we sebit üçin onuň ähmiýetine garadylar.

Mejlisiň jemleri boýunça agza-ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň wekilleri bu ugurdan mundan beýläkki hyzmatdaşlyk boýunça degişli hereketleriň Meýilnamasyny kabul etdiler.

Köptaraplaýyn duşuşyga Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gruziýanyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýa, Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow, şeýle hem beýleki halkara guramalaryň birnäçesi gatnaşdylar.

Çeşmäniň habar bermegine görä, çäre 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda kabul edilen Türki döwletleriň guramasynyň 9-njy Sammitiniň Samarkand deklarasiýasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde bolup geçdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026