ŞHG-nyň ýurtlary ýangyjyň täze görnüşlerini döretmek babatda hyzmatdaşlyk ederler


ŞHG-na agza-döwletleriň energetika ministrleri ýangyjyň täze görnüşleri we energetika pudagynda modelirleme boýunça hyzmatdaşlyk barada Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berýär.
Resminama Hindistanyň baştutanlyk etmeginde geçen ŞHG-nyň agza-döwletleriniň energetika ministrleriniň üçünji Mejlisiniň netijeleri boýunça kabul edildi.
Taraplar energetika babatyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ol energiýa serişdeleriniň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga niýetlenendir. Gatnaşyjylar şeýle hem bütindünýä we sebitleýin energetikanyň gün tertibiniň üýtgedilmegi babatda hem pikir alyşdylar.
ORIENT habarlar








