Bişkekdäki Ýewraziýa biliminiň V halkara sergisinde dalaşgärlere GDA-nyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri tanyşdyrylar


Ru.sputnik.kg elektron neşiriniň habar bermegine görä, GDA-nyň iň gowy ÝOM-leri, öňdebaryjy uniwersitetleri we kollejleri 27-29-njy mart aralygynda Bişkekde geçiriljek Ýewraziýa biliminiň V halkara sergisine gatnaşar.
Sergi Alykul Osmonow adyndaky Milli kitaphanada geçiriler. Dalaşgärler aktual bilim maksatnamalary we hünärler, Arkalaşygyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek we okamak üçin şertler, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly kompaniýalarda tejribe geçmek mümkinçilikleri barada maglumat alarlar.
Serginiň çäginde GDA ýurtlarynyň bilim pudagynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk meselelerine garalmagyna garaşylýar.
Gyzyklanma bildirýänler www.maeexpo.com sahypasynda hasaba durmak arkaly Ýewraziýa bilim sergisine onlaýn ýagdaýda gatnaşyp bilerler.
Çäräni gurnaýjy hökmünde "Ýewraziýa hyzmatdaşlyk guramasy" kompaniýasy çykyş edýär. Sergi Russiýanyň ilçihanasynyň, “Rossotrudniçestvo” Federal agentliginiň we Gyrgyzystanyň degişli döwlet edaralarynyň goldawy bilen geçiriler.
ORIENT news








