Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşynyň deňiz portunyň ISO halkara ölçeglerine gabat gelýändigi tassyklandy

Mart 17, 2023 | 12:38 |11324
Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň halkara ölçegleri «ISO 9001:2015 — Hil menejment ulgamy», «ISO 14001:2015 — Ekologik menejment ulgamy» и «ISO 45001:2018 — Saglygy goramak we zähmet howpsuzlygy menejment ulgamyna» gabat gelýändigi tassyklandy.Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň halkara ölçegleri «ISO 9001:2015 — Hil menejment ulgamy», «ISO 14001:2015 — Ekologik menejment ulgamy» и «ISO 45001:2018 — Saglygy goramak we zähmet howpsuzlygy menejment ulgamyna» gabat gelýändigi tassyklandy.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň halkara ölçegleri «ISO 9001:2015 — Hil menejment ulgamy», «ISO 14001:2015 — Ekologik menejment ulgamy» и «ISO 45001:2018 — Saglygy goramak we zähmet howpsuzlygy menejment ulgamyna» gabat gelýändigi tassyklandy.

Hazaryň türkmen kenarynda deňiz portunuň auditini CERT International (Slowakiýa) kompaniýasy geçirdi we porta degişli şahadatnamalary berdi.

Alnan resminamalar Türkmenbaşynyň deňiz portunyň müşderileriň isleglerini we garaşýan zadyny göz öňünde tutup, hyzmatlary bermegiň ýokary derejesini üpjün edýändigine, şeýle hem öz işini mydama gowulandyrmaga ymtylýandygyna şaýatlyk edýär.

ISO ölçegleriniň girizilmegi Türkmenbaşynyň deňiz portunyň hyzmatdaşlar tarapyndan ynamyň artmagyna, prosessleriň optimallaşdyrylmagy we standartlaşdyrylmagy sebäpli çykdajylaryň kemelmegine, daşky gurşawy goramagyň derejesiniň ýokarlanmagyna we deňiz portunyň halkara bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyna ýardam eder.

Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty 2018-nji ýylyň maýynda dabaraly ýagdaýda işe girizilipdi. Toplumyň düzüminde – esasy ýükleriň terminaly, ýolagçy we parom terminaly, ürgün ýükleriň terminaly, konteýner terminaly we polipropilen terminaly bardyr. Portuň geçirijiligi ýylda 4 mln tonna ýüke deňdir.

Geljekde Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty EcoPort Suistanable Logistic Chain guramasynyň EcoPort şahadatnamasyny almagy meýilleşdirýär. Bu portuň ekologik howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem onuň sebitleýin we halkara bazarlarda bäsdeşige ukyplylygyny pugtalandyrmaga ýardam eder.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026