HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan şu gün Türkiýä gaz ibermek baradaky meselä seretmäge taýýardyr - Berdimuhamedow

Mart 16, 2023 | 23:22 |11370
Türkmenistan, ilkinji nobatda, türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr, – diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitinde synçy döwletiň wekili we TDG-nyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde eden çykyşynda aýtdy.Türkmenistan, ilkinji nobatda, türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr, – diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitinde synçy döwletiň wekili we TDG-nyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: tccb.gov.tr

Türkmenistan, ilkinji nobatda, türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr, – diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitinde synçy döwletiň wekili we TDG-nyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde eden çykyşynda aýtdy.

Indi energetika meselesi hakynda aýdanymda, gerek bolsa, gaz turbasynyň gapdaly bilen elektrik toguny hem geçireris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň köpüsini durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem ol, Türkmenistan indi synçy hökmünde däl-de, TDG-ä hakyky agza hökmünde gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

1-4.jpg

Sammitiň mowzugynyň «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik ýardamy» diýlip atlandyrylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Bizde: «Söýenişen ýykylmaz» diýilýär. Şoňa görä-de, biri-birimize her tarapdan dost-doganlyk goldawyny bermeli. Başyňa düşmesin, ýöne şunuň ýaly agyr günde hemmämiz jebis bolmaly diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2000-nji ýyldan bäri ýurdumyzda türkiýeli işewürleriň gatnaşmagynda bahasy 110 milliard 382 million 53 müň amerikan dollaryna deň bolan taslamalar we işler ýerine ýetirildi. Dek düýnüň özünde-de Aşgabatda bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý üç sany durmuş ähmiýetli binanyň düýbi tutuldy. Bu gurluşyklary amala aşyrmagy hem türk işewürlerine tabşyrdyk.

Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň seýsmiki zolaklarda ýerleşýändigini aýdyp, seýsmologiýanyň, häzirki zaman geodinamikanyň we geofizikanyň binýatlyk meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

2-3.jpg

Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, indiki ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň uly toýunyň — 300 ýyllygynyň belleniljekdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip ykrar edilendigini nygtamak bolar.

Nesip bolsa, Türkmenistan indi synçy hökmünde däl-de, TDG-ä hakyky agza hökmünde gatnaşjakdygyna ynam bildirýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şeýle hem ol Rejep Taýyp Ärdogany parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemegini goldady we onuň bilen indi 22 ýyl bäri ýakyndan tanyşdygyny belledi.

Türkiýe Respublikasynyň Baştutany görnükli şahsyýet we dünýä derejeli syýasy işgär bolup durýar. Dostlukly ýurduň Lideriniň tutuş sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, halkara gatnaşyklarda özara düşünişmegi, raýdaşlygy berkitmek barada uly tagallalary edýändigi üçin bu ýokary baýraga mynasyp, – diýip Berdimuhamedow belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

14:19 Iýun 18, 2026
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026