Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TDG sammitine gatnaşýar


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik ýardamy» mowzugy bilen geçirilýän Türki döwletler guramasynyň (TDG) nobatdan daşary sammitine gatnaşýar.
Penşenbe güni Ankarada geçirilýän sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban hem gatnaşýar.

Döwlet baştutanlaryny, sammitiň geçiriljek ýerine gelenlerinde, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu garşy aldy. Duşuşygyň geçiriljek zalynda ýolbaşçylar Prezident Ärdogan bilen elleşip, surata düşdüler.
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolup geçen güýçli ýer titremelerinde Türkiýe bilen raýdaşlygy görkezmek üçin, Azerbaýjanyň teklibi boýunça çagyrylan nobatdan daşary sammitde tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek we olaryň netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Umumy gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçiriler. Ärdogan kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.
ORIENT news








