Özbegistanyň Prezidenti Tebigy betbagtçylyklara gözegçilik we seljerme merkezini döretmegi teklip etdi


Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türki döwletler guramasynyň (TDG) nobatdan daşary sammitinde TDG-niň çäklerinde Daşkentde tebigy betbagtçylyklara gözegçilik we seljerme merkezini döretmegi teklip etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Özbegistan 2023-nji ýylda TDG-a başlyklyk edýär. Bu gurama Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan girýär, Türkmenistan we Wengriýa synçy hökmünde gatnaşýar. Ankarada geçirilýän nobatdan daşary sammite gatnaşyjylar Türkiýedäki ýer titremäniň netijelerini we betbagtçylygyň öňüni almak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşýarlar.
"Guramanyň çäklerinde Tebigy betbagtçylyklara gözegçilik we seljeriş merkezini döretmek we ony Daşkentde ýerleşdirmek barada öňe süren başlangyjymyzy goldajakdygyňyza ynanýaryn" – diýip, Mirziýoýew sammitde aýtdy.
Özbegistanyň Prezidenti ylmy we tehnologiki ugurlarda gazanylýan üstünliklere garamazdan, ýer titremelerini, palçyk akymlaryny we suw joşmalaryny, tokaý ýangynlaryny we tupanlary öňünden çaklamak we öňüni almak meselesiniň henizem çözülmesi derwaýys bolup galýandygyny belledi.
Mirziýoýew: "Bu prosesleri çuňňur öwrenmegiň, bu ugurda ylmy we tehnologiki innowasiýalary giňden ornaşdyrmagyň öz oňyn netijesini berjekdigi şübhesizdir" – diýip, sözüniň üstüne goşdy.
ORIENT news








