HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan Türkiýä goldaw bermegini dowam etdirer, durmuş maksatly desgany gurmaga taýyn – Tokaýew

Mart 16, 2023 | 19:58 |6839
“Gazagystan Türkiýä goldaw bermegini dowam etdirer we weýrançylykly ýer titremesinden ejir çeken zolakda durmuş maksatly desga gurmaga taýýar” diýip, respublikanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Türki döwletler guramasynyň (TDG) «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik ýardamy» mowzugy bilen geçirilýän nobatdan daşary sammitinde mälim etdi.“Gazagystan Türkiýä goldaw bermegini dowam etdirer we weýrançylykly ýer titremesinden ejir çeken zolakda durmuş maksatly desga gurmaga taýýar” diýip, respublikanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Türki döwletler guramasynyň (TDG) «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik ýardamy» mowzugy bilen geçirilýän nobatdan daşary sammitinde mälim etdi.
Çeşme: akorda.kz

“Gazagystan Türkiýä goldaw bermegini dowam etdirer we weýrançylykly ýer titremesinden ejir çeken zolakda durmuş maksatly desga gurmaga taýýar” diýip, respublikanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Türki döwletler guramasynyň (TDG) «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik ýardamy» mowzugy bilen geçirilýän nobatdan daşary sammitinde mälim etdi.

Gazagystanyň döwlet baştutanynyň metbugat gullugy onuň: “Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir” diýlişi ýaly, biz doganlyk Türkiýä goldaw bermegi dowam etdirmäge taýýar. Gazagystan tarapy betbagtçylyk zolagynda durmuş maksatly desga gurmaga taýýardyr" – diýen sözlerini getirýär.

Tokaýew weýrançylykly ýer titremesinden ejir çeken Türkiýäniň betbagtçylygyny ähli türki halklaryň betbagtlygy diýip hasaplaýar.

"Gazagystanyň halky dessine türk doganlaryna kömek goluny uzatdy. Halas edijiler we lukmanlar ugradyldy. Gözleg we halas ediş işlerine zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan tejribeli, ökde hünärmenler çekildi. Doganlyk ýurda ynsanperwerlik we maliýe kömegi berildi" – diýip, Tokaýew belläp geçdi.

Prezident doganlyk halkyň derdine gazagystanly meýletinçileriň köpüsiniň seslenendigini we Türkiýä gelip, ýadawsyz işleýändigini aýtdy. "Meýletinçileriň işjeň gatnaşmagy diýseň wajyp. Şonuň üçin men TDG-a agza ýurtlaryň ähli wekillerini şu ýyl Astanada geçiriljek meýletinçileriň forumyna gatnaşmaga çagyrýaryn" – diýip, döwlet baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.

7,7 we 7,6 bala deň bolan güýçli ýer titreme hadysalarynyň ikisi 9 sagat aratapawudy bilen 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Kahramanmaras welaýatynda bolup geçdi. Pida bolanlaryň sany 49 müňden geçdi, 115 müňden gowrak adam ýaralandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026