Türkmenistanda ÝB-niň iki maksatnamasynyň ýubileýine bagyşlanyp çagalaryň surat bäsleşigi yglan edildi


Ýewropa Birleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylyşyna ýardam etmek Maksatnamasynyň (BOMKA) we Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak Maksatnamasynyň (CADAP) 20 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistanda Dostlugyň çägi ýok» atly çagalaryň surat bäsleşigi yglan edildi. Bu barada BOMKA-nyň saýtynda habar berilýär.
Bäsleşigiň maksady – çagalarda döredijilik bilen meşgullanmaga höwes döretmek, öz oýlap tapyjylygyny görkezmek, şeýlelik bilen ösüp gelýän ýaş nesliň zehinli wekillerini ýüze çykarmakdyr.
Bäsleşige gatnaşmak üçin 8 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar çagyrylýar, olar dostluk temasyndan surat çekmeli bolarlar. Işleri 10-njy aprele çenli şu salga ugratmaly: Aşgabat ş, A. Nyýazow şaýoly, jaý 174, TSTB-niň biznes merkezi, ofis 2/202 ýa-da («Surat bäsleşigi» diýen bellik bilen) bomca-communications@icmpd.org elektron poçtasyna ugratmaly.
Bäsleşigiň emini iň gowy suratlaryň üç awtoryny kesgitlär, olara gymmat bahaly baýraklar gowşurylar.
ORIENT habarlar








