HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Italýan taryhçysy da Winçiniň enesiniň Merkezi Aziýadan bolup biljekdigini çaklady

Mart 17, 2023 | 15:16 |9062
Italýan ýazyjysy, taryhçy we Neopolitan uniwersitetiniň professory Karlo Weççe meşhur Leonardo da Winçiniň enesine bagyşlanan özüniň «Katerinanyň ýylgyryşy» kitabynda onuň Merkezi Aziýadan ýa-da Kawkazdan bolup biljekdigini beýan etdi.Italýan ýazyjysy, taryhçy we Neopolitan uniwersitetiniň professory Karlo Weççe meşhur Leonardo da Winçiniň enesine bagyşlanan özüniň «Katerinanyň ýylgyryşy» kitabynda onuň Merkezi Aziýadan ýa-da Kawkazdan bolup biljekdigini beýan etdi.
Çeşme: news.artnet.com

Italýan ýazyjysy, taryhçy we Neopolitan uniwersitetiniň professory Karlo Weççe meşhur Leonardo da Winçiniň enesine bagyşlanan özüniň «Katerinanyň ýylgyryşy» kitabynda onuň Merkezi Aziýadan ýa-da Kawkazdan bolup biljekdigini beýan etdi.

Ylmy-barlagçynyň özüniň tassyklamagyna görä, onuň işi çuňňur akademiki barlaglarda, şol sanda Florensiýanyň döwlet arhiwinde tapylan 1452-nji ýylyň hukuk resminamalarynda gurlandyr – diýip, artnet.news habar berýär.

Berlen ýazgylara görä, Katerina atly gyz Pýero notariusyň gyrnagy bolupdyr we oňa Leonardo atly ogul dogrup beripdir.

«Men bu resminamany göremde, öz gözlerime ynanyp bilmedim. Men hiç wagt onuň daşary ýurtdan bolan gyrnakdygy baradaky nazaryýete aýratyn ynanyp baramokdym. Şeýlelikde, men şol notarial namadaky Katerinanyň Leonardonyň enesi däldigini subut etmäge synanyşmak üçin birnäçe aý wagtymy sarp etdim, ýöne ahyr soňunda meniň tapan ähli resminamalarym bu ugurda gitdi we men subutnamalaryň öňünde boýun boldum» - diýip, awtor NBC habarlaryna gürrüň berýär.

Katerina adynyň italýanlaryň arasynda has köp ýaýrandygyna garamazdan, ol aşygyny azat eden Pýeronyň namalarynda ýeke-täk görünýän aýal bolandygy tassyklanýar.

Resmi taryh Katerinany gysga wagtdan azatlyga çykan gyrnak-daýhan aýaly diýip ykrar edýär. Leonardonyň özi ilkinji çaga bolmak bilen, öňki nesilleriň bäş wekiliniň edişi ýaly, öz kakasynyň ýoly bilen gidip notarius bolan bolmaly.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026