Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty


Şu gün sanly ulgam arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.
Maslahata gatnaşmak üçin birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Deputatlar “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda”, “Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Kanunyň taslamasynda bu wekilçilikli edaranyň işiniň guralyşy, düzümleriniň iş tertibi, wezipeleri, ygtyýarlyklary we deputatlaryň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.
“Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda, döwrebap tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň esasynda Türkmenistanyň Halkara söwda işini ösdürmek babatda bu resminamanyň möhümdigi nygtaldy.
Mundan başga-da, deputatlar “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”; “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda”; “Şähergurluşyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda”; “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.








