HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi

Mart 16, 2023 | 18:37 |10261
2023-nji ýylyň 16-njy martynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň wekilleri Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary (YYO) özara ykrar etmek meselesi boýunça gepleşikleri geçirdiler.2023-nji ýylyň 16-njy martynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň wekilleri Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary (YYO) özara ykrar etmek meselesi boýunça gepleşikleri geçirdiler.
Çeşme: customs.gov.tm

2023-nji ýylyň 16-njy martynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň wekilleri Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary (YYO) özara ykrar etmek meselesi boýunça gepleşikleri geçirdiler.

Hytaý tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu duşuşykda bellenilişi ýaly, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda şu ýylyň 6-njy ýanwarynda gol çekilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasy iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň esasyny düzdi. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň bolsa «Bir guşak — bir ýol» başlangyjynyň ilerlemegine ýardam eder. Şol sebäpli harytlaryň erkin hereket etmegini üpjün etmek zerurlygy artýar.

Şu bilen bagly, döwletleriň arasynda harytlaryň erkin hereket etmegini üpjün etmegiň zerurlygynyň artýandygyny nazar alyp, munuň üçin bolsa YYO özara ykrar etmegiň ähmiýetini belläp, hytaý tarapy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň arasynda YYO özara ykrar etmek hakynda Ähtnamany baglaşmagy teklip etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda YYO derejesini bermegiň düzgünlerini we kadalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleriň geçirilýändigini we şu bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Gümrük kodeksine degişli goşmaçalary girizmegiň üstünde işleýändigini belläp, Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri, Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Hytaýyň tejribesiniň giňden öwrenilmegine hem-de bu ulgamyň Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň işine ornaşdyrylmagy bilen teklip edilen Ähtnamany baglaşmaga gyzyklanma bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026