HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BelTA: Belarus «Demirgazyk-Günorta» HUG-niň ösdürilmegine gatnaşar

Mart 14, 2023 | 18:38 |10192
Belarus Eýran we Russiýa bilen bilelikde «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gatnaşar – diýip, Belarusyň Ulag we kommunikasiýa ministri Alekseý Awramenko salgylanyp, BelTA habar berýär.Belarus Eýran we Russiýa bilen bilelikde «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gatnaşar – diýip, Belarusyň Ulag we kommunikasiýa ministri Alekseý Awramenko salgylanyp, BelTA habar berýär.
Çeşme: vgudok.com

Belarus Eýran we Russiýa bilen bilelikde «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gatnaşar – diýip, Belarusyň Ulag we kommunikasiýa ministri Alekseý Awramenko salgylanyp, BelTA habar berýär.

Ylalaşyk Belarusyň we Eýranyň prezidentleriniň Tährandaky duşuşygynyň netijeleriniň esasynda gazanyldy.

«Bu örän möhüm geçelge we biz ony bilelikde ösdürmäge ylalaşdyk. Haçanda biz Eýrandaky daşamalar barada aýdanymyzda, biz Eýranyň üsti bilen uzak ýurtlara ýük geçirmek barada hem aýdýarys» - diýip, ministr aýtdy hem-de eýran tarapynyň «Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň Bender-Abbas portuna tarap gurluşygyny tamamlamak üçin 180 kilometrlik demir ýoluň gurluşygyna başlandygyny nygtady.

«Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi Eýrandan, Hindistandan we Pars aýlagynyň beýleki ýurtlaryndan Russiýanyň çägine (Hazaryň üsti bilen) üstaşyr ýükleri çekmek üçin döredilipdi. Eýran, Hindistan we Russiýa tarapyndan 2000-nji ýylyň sentýabrynda Sankt-Peterburgda gol çekilen «Demirgazyk-Günorta» HUG-si baradaky hökümetara ylalaşyk taslamanyň hukuk esasy boldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026