HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we «Ýaş tebigatçy» suratlaryň bäsleşigini geçirýärler

Mart 11, 2023 | 10:20 |17459
22-nji martda bellenip geçilýän Suw serişdeleriniň halkara gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti «Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde suratlaryň bäsleşigini geçirýär.22-nji martda bellenip geçilýän Suw serişdeleriniň halkara gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti «Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde suratlaryň bäsleşigini geçirýär.
Çeşme: t24.su

22-nji martda bellenip geçilýän Suw serişdeleriniň halkara gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti «Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde suratlaryň bäsleşigini geçirýär.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga 7 ýaşdan 22 ýaşa çenli bolan çagalar we ýaşlar çagyrylýarlar. Olar stoluň üstünde goýulýan senenamalarda, kitaplaryň belliklerinde, şeýle hem suraty boýamaly kitaplary döretmekde peýdalanyljak suratlary çekmekde bäsleşmelidirler.

Suratlaryň galamlaryň ýa-da reňkleriň üsti bilen çekilen asyl nusgasy, şeýle hem ýokary hilde skanirlenen elektron nusgalary hem kabul edilýär.

Suratlar suwa we suw serişdelerine aýawly gatnaşyga, ekologik jemgyýeti gurmaklyga çagyrmalydyr.

Suratlar 26-njy marta çenli kabul edilýär. Kabul edişligi «Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek» taslamasynyň utgaşdyryjysy şu salgyda ýerine ýetirýär: Aşgabat ş., 2022 köçe (A. Nawoýi), jaý 116/1, şeýle hem TGÝMJ-niň sebitlerdäki meýletinçiler bilen işleşmek boýunça jogapkär işgärleri kabul edýärler.

Işleri şeýle hem TGÝMJ-niň elektron salgysyna iberip hem bolýar: crescent.vol@tgymj.gov.tm.

Bäsleşige hödürlenýän işler çeperçilik ýerine ýetirilişi we bezelişi taýdan, şeýle hem olaryň jemgyýete berýän habary taýdan bahalandyrylar.

Netijede senenama goşuljak 12 surat saýlanar, işleriň 24-si – suraty boýamak kitaplaryna we iň gowy 3 surat kitap belliginiň dizaýnyny döretmekde ulanylar. Üç görnüşiň hersinde üç sany ýeňiji göz öňünde tutulandyr, olaryň atlary TGÝMJ-niň resmi saýtynda çap ediler.

Ýeňijiler jemgyýet tarapyndan geçirilýän dürli çärelerde meýletinçi bolmaga, seminaralara gatnaşmaga mümkinçilik alarlar. Olara şeýle hem salgylanma edebiýaty gowşurylar.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgiler:

— Aşgabat: (99312) 932610;
— Balkanabat: (800222) 777334;
— Mary: (800522) 58480;
— Änew: (800137) 44620;
— Türkmenabat: (800422) 58615;
— Daşoguz: (800322) 92813.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026