Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi


Şu gün Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Döwlet etalon merkeziniň düzümlerine sanly ulgamyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada aýtdy.
Soňra 5-8-nji mart aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde BMG tarapyndan geçirilen maslahatda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň jemleri barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyna” görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hasabaty diňläp Serdar Berdimuhamedow wise-premýere halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Bu nahallaryň 1,5 milliony ýazky bag ekmek möwsüminde ekiler. Döwlet Baştutany hödürlenen degişli resminama gol çekip, ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklip beýan etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna gabatlanylan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Soňra wise-premýer 15-nji martda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-tatar işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 20-22-nji marty aralygynda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp wise-premýere hem-de degişli ýolbaşçylara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow halkara ugurdaş düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk we hukuk goraýyş ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komiteti tarapyndan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek meselesi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentimiz mejlisi jemläp, mejlisde birnäçe möhüm meselelere seredilendigini, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalaryň kabul edilendigini belledi.








