Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutladylar


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.
“Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda soňky ýyllarda Hytaý depginli ösýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, halkara işlerinde işjeň orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Şu ýylyň ýanwar aýynda Siziň ýurduňyza amala aşyran döwlet saparymyň çäklerinde bu gatnaşyklara täze itergi berildi” diýip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan edip,
HHR-iň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem Hytaýyň dostlukly halkynyň bähbitlerine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.
“Bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanmagyňyz Siziň döwlet dolandyrylyşy babatda öňe sürýän konsepsiýalaryňyzyň we pikirleriňiziň halk tarapyndan doly goldanylýandygyny, şeýle hem durmuşa geçirilýän netijeli içeri we daşary syýasatyňyzyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Biz Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýäris” diýlip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gutlagynda bellenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygynyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurduň öz ösüşinde täze belentliklere ýetjekdigine, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň bolsa, iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da pugatalandyryljakdygyna ynam bildirip, Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.








