HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Atyr berme, ony aşhanada geň galdyr – nädip etmelidigini salgy berýäris

Fewral 23, 2023 | 11:00 |16445
Internet giňişliklerinde erkek kişä nähili gowy sowgat bermelidigi barada köp dürli pikirleri tapyp bolýar. Pikir soraşmalaryň ORIENT, görkezmegine görä, olaryň köpüsi adamzadyň güýçli bölegini şatlandyranok.Internet giňişliklerinde erkek kişä nähili gowy sowgat bermelidigi barada köp dürli pikirleri tapyp bolýar. Pikir soraşmalaryň ORIENT, görkezmegine görä, olaryň köpüsi adamzadyň güýçli bölegini şatlandyranok.
Çeşme: unsplash.com

Internet giňişliklerinde erkek kişä nähili gowy sowgat bermelidigi barada köp dürli pikirleri tapyp bolýar. Pikir soraşmalaryň ORIENT, görkezmegine görä, olaryň köpüsi adamzadyň güýçli bölegini şatlandyranok.

Ýöne, erkekleriň aglabasy hakyky sowgadyň çäklendirilmedik aladada we ýasama bolmadyk gyzyklanmadadygyny hasap edýärler. Ýürekden gelýän aladany gowy taýýarlanylan baýramçylyk tagamynyň üsti bilen beýan edip bolýar, onuň bahasy bolsa siziň berjek sowgadyňyzyň bahasyndan has pes bolar.

ORIENT supermarketleriň birine baryp, erkek kişileriň atyrynyň näçeräk baha düşjekdigini we tagamy taýýarlamak üçin gerekli önümleriň näçe baha düşjekdigini anyklady. Tagam üçin palaw alyndy. Bahalaryň gatnaşygynyň netijelerini paýlaşmaga howlukýarys.

Ilki bilen parfýumeriýa bölümine ugraýarys. Atyrlaryň baý görnüşleri dürli bahalary hödürleýär, ýöne ortaça baha 150 manat boldy.

«Palawyň indeksini» kesgitlemek üçin esas hökmünde içine goşulýan önümleriň sanawyny alýarys. Onuň üçin bir kg tüwi (18 manat), bir kg käşir (2 manat), bir kg goýun eti (40 manat), 300 gram ösümlik ýagy (çüýşesiniň bahasy - 30 manat), 300 gr sogan (3 manat), 10 gram ýakymly ys berijiler we 5-10 gram nahar duzy (jemi – 5 manat) gerek bolýar.

Alnan sanlary jemleýäris, netijede 97 manat çykdy, bu bolsa atyrlaryň ortaça bahasyndan 53 manat pes boldy.

Atyr saýlanan halatynda zenanlaryň erkekleriň halaýan we tapawut goýýan yslaryny saýlamakda ýalňyşmaklary mümkin, emma baýramçylyk tagamy barada beýle diýip bolmaýar.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026