HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen basketbolçylary Litwada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler, erkekler topary ol ýerden Amsterdam şäherine ugrar

Fewral 28, 2023 | 00:47 |7485
Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar milli ýygyndy toparlary Litwanyň Druskininkaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar milli ýygyndy toparlary Litwanyň Druskininkaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar milli ýygyndy toparlary Litwanyň Druskininkaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.

Türkmenistanyň basketbol federasiýasynda ORIENT-e habar berlişi ýaly, häzirki türgenleşik çäresine 16 türgen (her toparda sekiz) gatnaşýar. Ýygnanyşyga erkekler ýygyndy toparynyň tälimçisi Toýly Baýryýew we zenanlar ýygyndysynyň halypasy Yslam Täçmyradow ýolbaşçylyk edýär.

Türgenleşik işeri tamamlanandan soň, zenanlar ýygyndy topary ata watana gaýdyp geler, erkekler topary bolsa Amsterdamda (Gollandiýa) 8-nji martdan 26-njy mart aralygynda geçiriljek halkara 3x3 Pro League ýaryşyna gatnaşar.

Soňra basketbol senenama maksatnamasy 29-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Singapurda geçiriljek “Aziýa kubogy 2023” ýaryşynda çykyşlar bilen dowam etdiriler.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026