HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: HHR-nyň tehnologiki kompaniýalary Bütindünýä mobil kongresinde görkezildi

Fewral 28, 2023 | 18:22 |8146
Barselonoda ýylyň tehnologiki sergileriniň esasylarynyň biri bolan Bütindünýä mobil kongresi açyldy. Ol dünýä jemgyýetçiligini tehnologiýalaryň we gajetleriň, şeýle hem programma üpjünçiliginiň täzelikleri bilen tanyşdyrýar.Barselonoda ýylyň tehnologiki sergileriniň esasylarynyň biri bolan Bütindünýä mobil kongresi açyldy. Ol dünýä jemgyýetçiligini tehnologiýalaryň we gajetleriň, şeýle hem programma üpjünçiliginiň täzelikleri bilen tanyşdyrýar.
Çeşme: sla-digital.com

Barselonoda ýylyň tehnologiki sergileriniň esasylarynyň biri bolan Bütindünýä mobil kongresi açyldy. Ol dünýä jemgyýetçiligini tehnologiýalaryň we gajetleriň, şeýle hem programma üpjünçiliginiň täzelikleri bilen tanyşdyrýar.

Dört günlük çärä gatnaşýan iki müň eksponentiň we hemaýatkärleriň arasynda Hytaýyň öndürijileri esasy trendi eýeleýär – diýip, China daily ýazýar.

Görkezilişde Hytaýyň 150 kompaniýasy, şol sanda Huawei Technologies Co, şahsy kompýuterleri öndüriji Lenovo we telekommunikasiýanyň ägirdi China Mobile bardyr.

Mysal üçin Huawei sergide 5G ulgamynyň ewolýusiýasy bolan 5.5G-ni görkezýär. Tehnologiýa her ýerde sekuntda 10 gigabaýt tizligi hödürläp, sanly we intellektual transformasiýany çuňlaşdyrmaga ukyplydyr.

Hytaý 5G-niň bütin dünýädäki ösüşinde öňdebaryjy boldy. Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň aýagyna Hytaýda 5G esasy stansiýalaryň 2,3 mln-dan gowragy döredilipdir.

Hytaý smartfon öndürijileri hem mobil kongresinde şowhun döretdiler. Bular Ýewropanyň we dünýäniň bazarlarynda bolmagy giňeltmäge we COVID-19 tarapyndan döredilen tersin täsiriň öwezini dolmaga gönükdirilendir.

Oppo akylly telefonlaryny öndüriji sergide özüniň soňky eplenýän Find N2 Flip smarfony görkezýär, ol Samsung Galaxy Z Flip 4-e bäsdeş bolup bilýär.

Ýygnalýan akylly telefon Honor Magic Vs hem daşary ýurt bazarlarynda özüni görkezdi.

«Biz daşary ýurt bazarlarynda çalt ösüş döwrüne girýäris» - diýip, Honor-yň prezidenti Çžao Min aýtdy, kompaniýanyň Ýakyn Gündogarda, Afrikada, Ýewropada, Latyn Amerikasynda, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde we başga ýerlerde işjeň işlejekdigini nygtady. Serginiň nolynjy güni diýlip atlandyrylýan günde Xiaomi kompaniýasy özüniň täze önümlerini görkezdi. Gajetleriň arasynda – smartfonlaryň 13-nji tapgyrynyň bütindünýä wersiýalary Xiaomi 13 we 13 Pro bar.

Bütindünýä mobil kongresi 2-nji marta çenli dowam edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026