BelTA: Belorussiýa Sankt-Peterburgda baş konsullygyny açar


1-nji iýuldan başlap Sankt-Peterburgda Belarus Respublikasynyň baş konsullygy işlap başlar – diýip, BelTA habar berýär. Bu çözgüt Milli internet-portalda çap edilen ýurduň Ministrler Sowetiniň 2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda kabul eden karary bilen göz öňünde tutulandyr.
Resminama Belorussiýanyň Russiýadaky ilçihanasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýän bölüminiň ýapylmagyny we onuň ýerine baş konsullygyň açylmagyny göz öňünde tutýar.
Belorussiýanyň Sankt-Peterburgdaky baş konsullygyny açmak we onuň işini ýöretmek bilen baglanyşykly ähli çykdajylary DIM-i tarapyndan respublikanyň býujetinde daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary açmak we olaryň işini ýöretmek üçin göz öňünde tutulan serişdeleriň çäklerinde Respublikanyň Maliýe ministrligi öz üstüne alýar.
ORIENT habarlar








